Lukmanyň maslahaty

20 Sentýabr 2023
654

Pasyl çalşygynda saglyk

Pasyl çalşygynda ýiti respirator ýokanç kesel howa-damja ýoly bilen gürleşende, üsgürende, asgyranda bir adamdan beýleki adama geçip bilýär. Kesel adamyň bedeniniň gyzgynynyň galmagy, üşütmegi bilen başlanýar. Şeýle bolanda ol işe ýa-da okuwa gatnamakdan saklanmalydyr, sebäbi onuň keseli beýleki sagdyn adamlara geçirmegi mümkindir. Kesele üns bermän, aýak üstünde geçirilende, ol öýken sowuklamasy, radikulitler, gaýmoritler, gulagyň sowuklama keselleri ýaly gaýraüzülmelere getirip biler. Ýiti respirator keselleriň ýokuşmazlygy üçin arassaçylyk düzgünlerini berk we gyşarnyksyz berjaý etmelidir, elleri ýygy-ýygydan akar suwuň aşagynda gowy sabynlap ýuwup durmaly. Içilýän suwlaryň, iýilýän iýmitleriň arassalygyny gazanmaly. Çagalar baglarynda, mekdeplerde, edara-kärhanalarda içmek üçin gaýnadylan suwuň, her kimiň suw içmek üçin aýratyn bulgurlarynyň bolmagy hökmany bolup durýar.

Begenç HOJAMOW,
Köneürgenç etrabynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy.
Beýleki habarlar