Saglyk bagtyň gönezligidir

20 Sentýabr 2023
525

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ilatyň saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek boýunça döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Döwlet Baştutanymyz ilatyň saglygyny goramak meselesine uly üns bermek bilen, ýurdumyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän saglygy goraýyş ulgamyny döretdi. Bu ulgamda ýetilen sepgitler halkara derejesinde giňden ykrar edilýär.

Pederlerimiziň nygtaýşy ýaly, bagtly bolmagyň on şertiniň dokuzysy saglyk bilen baglydyr. Ynsanyň saglygy onuň iň gymmatly baýlygy bolmak bilen, ol döwletiň hem-de jemgyýetiň ösüşine gönüden-göni täsir edýän görkezijileriň birnäçesini özünde jemleýär. Şol sebäpden jemgyýetiň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramak ýurdumyzda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar.

Rüstem DURDYÝEW,
welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň başlygy.
Beýleki habarlar