Ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak

19 Sentýabr 2023
683

Ýiti respirator keseli ýylyň ähli paslynda döreýän keseldir. Ol näsag adam bilen sag adam galtaşykda bolanda, asgyranda, üsgürende, elleşende, gapynyň tutawaçlaryndan, ýol ulaglaryndaky oturgyçlardan geçip bilýär. Keseliň kliniki alamatlarynda adamyň umumy ysgynsyzlygy, işdäsiniň kesilmegi, kellesiniň agyrmagy, bedeniň gyzgynynyň ýokarlanmagy, döşüniň we arkasynyň agyrmagy, ys almazlyk, ýokary dem alyş ýollarynda, esasan-da, öýkende hyžžyldynyň eşidilmegi ýaly alamatlar ýüze çykýar.

Şeýle ýagdaýda näsagy, töweregindäki adamlara geçmez ýaly, aýratyn otaga geçirmeli. Näsagyň ulanýan el süpürgijini, jam-çemçesini, ýorgan-düşegini aýratyn goýmaly. Otaglaryň howasyny çalşyp durmaly. Maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, bejergi geçirmeli. Derman serişdelerini özbaşdak ulanmaly däl.

Sona ILMUHAMMEDOWA,
Aşgabat şäherindäki 4-nji saglyk öýüniň şepagat uýasy.
Beýleki habarlar