Ýatdan çykmajak taryhy pursatlar

7 Sentýabr 2023
476

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly eseriniň «Arçman» şypahanasy barada ýatlama» atly bölüminde: «Ýurdumyzyň her bir raýatynyň saglygy baradaky alada döwlet syýasatynyň hemişe-de iň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem bu şeýle bolmagynda galýar» diýip nygtaýar.

Alym Arkadagymyzyň şu ýylyň 2-nji sentýabrynda «Arçman» şypahanasynda bolan pursatlarynda gurulmagy meýilleşdirilýän we durky täzelenilýän binalaryň taslamalary, şypahananyň bejeriş düzümini kämilleşdirmegiň mümkinçilikleri bilen tanyşmagy  hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirmegi bütin halkymyzy buýsandyrdy.  Bu taryhy pursatlar Milli Liderimiziň  döwletimizi ösdürmekdäki işleri oýlanyşykly, meýilnamalaýyn alyp barmakdaky çuň paýhasynyň aýdyň dabaralanmasy boldy.

Batyr ŞYHDURDYÝEW,
«Arçman» şypahanasynyň bölüm müdiri.
Beýleki habarlar