Sepgitde

30 Awgust 2023
422

Güýz paslynyň gelmegi, howanyň derejesiniň häli-şindi üýtgäp durmagy bilen, möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriniň ýüze çykmak ähtimallygy döreýär. Şonuň üçin pasla görä geýinmegiňizi, Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp kabul etmegiňizi, şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berjaý etmegiňizi, burnuň nemli bardasyna «oksolin» melhemini çalmagyňyzy, witaminlere baý gök önümleri köpräk iýmegiňizi, şeýle hem maşgala lukmanlary bilen maslahatlaşyp, keselleriň öňüni alyş sanjymlaryny almagyňyzy maslahat berýäris.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.

Beýleki habarlar