Lukmanyň maslahaty

30 Awgust 2023
376

KÄDI

Kädiniň 90%-i suwdan ybarat, galan 10%-ini bolsa witaminler, minerallar, belok, ýag, uglewodlar, kletçatka, iýmit süýümleri düzýär. Kädi az kaloriýaly bakja önümine degişlidir, onuň l00 gramynda bary-ýogy 22 kilokaloriýa bar. Witaminlerden onda A, C, E, K, B witaminler toplumy, nikotin kislotasy, H witamini, karotin bar (karotin bolsa adam bedenine düşenden soň, A witamini emele gelýär). Kädide karotiniň mukdary käşiriňkiden 4-5 esse köpdür, şonuň üçin kädini yzygiderli köp mukdarda iýlende endamyň saralmagy, başgaça aýdylanda, “karotin saraltmasy” emele gelip biler, kädi iýmäňi goýaňda bolsa öz-özünden aýrylyp gidýär. Minerallardan kaliý, kalsiý, kremniý, natriý, magniý, kükürt, fosfor, hlor bar.

Beýleki habarlar