Abat dişler — sagdynlygyň girewi

30 Awgust 2023
554

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň saglygyny goramakda uly işler durmuşa geçirilýär. Ilata edilýän lukmançylyk hyzmatynyň hili ýylsaýyn ýokarlanýar. Ilatyň saglygyny goramakda beýleki ugurlar bilen birlikde, ilata stomatologiýa hyzmatyny etmekde-de degerli işler geçirilýär. Abat dişler adamyň sagdynlygynyň girewidir. Sebäbi, iýilýän naharyň kemsiz çeýnelmegi bedeniň dürli agzalarynyň kadaly işlemegine ýardam edýär.

Duş gelýän diş keselleri uzagyndan diş hatarlarynyň gyşarmagyna, dişiň daşyny gurşaýan etiň gowşamagyna getirip bilýär. Adamyň bedeniniň immunitetiniň sähel gowşan halatynda bolsa, agyz boşlugynda has düýpli oňaýsyz ýagdaýlaryň ýüze çykmagy ahmaldyr. Dişleriň sagdyn bolmagyna gündelik iýilýän iýmitiň ýetirýän täsiri uludyr. Dişleriň sagdyn bolmagyna peýdaly iýmitiň esasyny süýt, gatyk, dorog, ýogurt, peýnir ýaly, süýt önümleri düzýär. Çagalaryň dişleriniň sagdyn bolmagyny gazanmak ata-enäniň borjudyr. Olary dişleri bilen şänik, hoz ýaly, juda gaty zatlary döwmek endiginden goramaga çalyşmaly. Çünki, dişleri çagalykdan goramak onuň uly ýaşlarda-da dişagyrydan kösenmezligine, sagdyn bolmagyna ýardam edýär. Dişiňi gije-gündiziň dowamynda azyndan iki gezek ýuwup, arassalamak maslahat berilýär. Birinjiden-ä, ir ertir, ikinjidenem, agşam ýatylmazdan öň dişleriňi ýuwup, arassalamak zerurdyr.

Beýleki habarlar