Görk — agyzdan

30 Awgust 2023
386

Jan saglygy ynsanyň iň gymmatly baýlygy hasaplanylýar. Şonuň üçin biziň her birimiz öz saglygymyzy goramak barada yzygiderli aladalanmalydyrys, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermelidiris. Şahsy durmuşynda şu hakykatdan ugur almaýan adamlaryň dürli dertlere, şol sanda, çiş kesellerine uçramagy mümkindir. Dişleri we agyz boşlugynyň nemli bardasyny sagdyn saklamak bilen, biz gyzylödekde, aşgazanda döreýän dowamly sowuklamalaryň ýüze çykmagynyň öňüni alýarys.

Çilim çekmek, nas atmak, spirtli içgileri içmek, dişleriň näsazlyklary agyz boşlugynyň howply täze döremelerine getirip bilýär. Nasyň düzümindäki külüň we hekiň dokumalary zeperlemegi zerarly agyz boşlugynyň nemli bardasy zaýalanyp, dowamly sowuklamalar, ýaralar we çişiň öň ýanyndaky keseller döreýär. Aragyň düzümindäki spirtiň ýakyjy täsiri netijesinde hem agyz boşlugynyň nemli bardasynda dürli derejedäki sowuklamalar, dişleriň syrçasynyň zaýalanmagy ýaly ýagdaýlar ýüze çykýar. Diş keseliniň, ýagny, kariýesiň hem wagtynda öňüni almak gerek. Kariýes netijesinde dişler çüýreýär, diş töweregindäki dokumalar zaýalanýar, olarda dowamly sowuklamalar, ýaralar emele gelýär. Zaýalanan dişleriň uçlary dili dowamly ýaralap, howply çişleriň döremegine sebäp bolýar.

Çary JORAÝEW,
welaýat onkologiýa hassahanasynyň lukmany.
Beýleki habarlar