Hereket — saglygyň sakasy

29 Awgust 2023
533

Hereket sagdynlygyň gözbaşy hasaplanylýar. Saglyk — bahasyna ýetip bolmajak baýlyk. Saglyk — ýaşaýyş. Ýaşaýşy bolsa, hereketsiz göz öňüne getirmek mümkin däl. Şonuň üçin her bir adam ýaşyna garamazdan hereketde bolmaly. Hereketiň adam bedenini taplamakda, berkitmekde ähmiýeti uludyr.

Adam bedeni üçin fiziki maşklaryň peýdasy uludyr. Ýaşaýşyň gözelligi, asudalygy, bagtyýarlygy saglykdyr. Sazlaşykly beden maşklary adamyň sagdyn bolmagyny üpjün etmek bilen, onuň işjeňligini artdyrýar.

Rejepgeldi ATAÝEW,
Aşgabat şäherindäki 5-nji saglyk öýüniň baş lukmanynyň orunbasary, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň halk maslahatynyň agzasy.
Beýleki habarlar