Haýyr-sogap — ynsan bezegi

19 Iýul 2023
422

Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamynda düýpli özgertmeler amala aşyryldy. Saglygy goraýşyň ilkinji halkasy kämilleşdirilip, maşgala lukmançylygy girizildi. Saglyk döwlet ätiýaçlandyrylmasy ornaşdyryldy. Milli şypahana we derman senagaty ulgamlary döredildi. Daşary ýurtlardan getirilýän derman we saglyk maksatly serişdeleriň öwezini tutýan önümleri öz ýurdumyzda öndürmek maksady bilen täze, döwrebap derman kärhanalary gurlup, önümçilige girizildi.

Saglygy goraýyş boýunça halkara hyzmatdaşlyk giň gerime eýe boldy. Häzirki döwürde bu hyzmatdaşlyk Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda sanly saglygy goraýyş ulgamynyň mümkinçilikleri arkaly dowam etdirilýär we oňa täze bejeriş usullary netijeli ornaşdyrylýar. Saglygy goraýşyň maddy-tehniki binýady berkidilip, Diýarymyzyň ähli künjeklerinde iň öňdebaryjy lukmançylyk tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan halkara derejeli saglygy goraýyş edaralary ulanmaga berildi. Ýurdumyzda ýokanç däl keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak maksady bilen giň gerimli işler alnyp barylýar, saglygy goraýşyň kanunçylyk binýady kämilleşdirilýär.

Ogulmähri GELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň direktory.
Beýleki habarlar