Ýurduň baş baýlygynyň goragynda

19 Iýul 2023
364

Ýurdumyzda her ýylyň 21-nji iýuly «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilen senesi hökmünde bellenilýär. Bu Maksatnamanyň çäklerinde ýurdumyzda ynsan we onuň saglygy ugrunda iňňän möhüm işler amala aşyrylýar.

«Saglyk» Döwlet maksatnamasy bu üstünlikleriň özenini düzüp, ol tapgyrlaýyn esasda durmuşa geçirilýär. Bu maksatnamanyň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler ilatyň ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün edilmegini şertlendirdi. Bu bolsa ýurdumyzda raýatlaryň saglygyny berkitmäge, ynsan ömrüniň dowamlylygyny artdyrmaga mümkinçilik berdi.

Ruslan RAHMATULLAÝEW,
welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň başlygynyň orunbasary.
Beýleki habarlar