Dynç alyň — güýç alyň!

19 Iýul 2023
552

Tomusky dynç alyş möwsüminiň şatlykly dowam edýän häzirki günlerinde «Daşoguz» şypahanasy hem iň gelim-gidimli ýerleriň birine öwrüldi. Saýasyna gün düşmeýän gür baglyga bürenip, howalanyp oturan döwrebap şypahana ýurdumyzyň ähli künjeginden ildeşlerimiz dynç almaga gelýärler, bu ýerde mähir bilen gurşalyp, saglygyny dikeldýärler.

Bu ýeriň özboluşly tebigaty bar. Melheme baý gyzgyn ýerasty çeşmesi, jana tenekar mineral suwuň egsilmeýän gory, ýakymly howasy onuň tebigy aýratynlygy hasaplanýar. Şeýle tebigy baýlyklary bolan bu künjegiň bir böleginde täze eýýamymyzyň döredijilik kuwwaty bilen häzirki zaman infrastrukturasy kemala geldi. Alys gözýetimden seleňläp görünýän şypahananyň döwrebap binasynyň ajaýyp keşbi, dürli bezeg agaçlarynyň hemişe ýaşyl öwüsýän hatary, sport hem dynç alyş desgalary, oba durmuşyna, bag-bakjaly ýerlere goşulyp, täsin görnüşi döredýär. Bu şypahana ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyna innowasion tehnologiýalaryň, lukmançylyk ulgamyndaky iň öňdebaryjy tejribeleriň işjeň ornaşdyrylýandygynyň, adamlaryň saglygyny goramaga, ýokary derejede dynç alşyny guramaga uly üns berilýändiginiň aýdyň mysaly boldy. Kämil lukmançylyk enjamlary, iň ýokary derejedäki bejergiler, derde derman melhemler, ähli amatlyklary bilen haýran galdyrýan giň otaglar, beýleki toplumlaýyn hyzmatlar bu ýerde dynç alýan ildeşlerimiziň hyzmatynda.

Amanmyrat SAPAROW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar