Suwuň peýdasy

19 Iýul 2023
439

Şu günler howa aşa gyzýar. Bu hem bedenden köp mukdarda suwuklygyň der bilen bölünip çykmagyna getirýär. Şeýle ýagdaýlarda adam suwy yzygiderli içmese, tapdan düşüp başlaýar, ýagny bedende suw ýetmezçiligi ýüze çykýar, öýjüklerde we damarlarda galyndylar ýygnanýar. Ol hem ganyň goýalmagyna getirýär. Netijede, beden agzalarynyň işi bozulýar. Şonda dürli keselleriň ýüze çykmak howpy ýokarlanýar.

Lukmanlaryň bellemegine görä, suw adam bedeninde bolup geçýän ähli fiziologik hadysalara — dem alyş, gan aýlanyş, iýmit siňdiriş, bölüp çykaryş we beýleki hadysalaryň kadaly amala aşyrylmagyna doly gatnaşýar. Arassa agyz suwy talabalaýyk içilende, bedeniň immun işjeňligi ýokarlanýar we howa şertleriniň üýtgäp durmagy zerarly ýüze çykýan näsazlyklardan goraýar.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.
Beýleki habarlar