Üzüm

18 Iýul 2023
339

Üzüm ýurdumyzda daýhanlar tarapyndan giň gerimde ýetişdirilýär. Köp ýyllyk agaç bolan üzümiň häzirki döwürde 350-den gowrak görnüşi bellidir. Üzümiň düzüminde glýukoza, fruktoza, saharoza, uglewodlar, organiki turşular, peptinler, kaliý, kalsiý, natriý, magniý, az mukdarda demir, marganes, alýuminiý, fosfor, kremniý ýaly mineral maddalar we mikro elementler, B, C, P, PP toparynyň witaminleri, dürli fermentler saklanýar. Üzümiň dänesindäki peptinler radioaktiw elementleriň, agyr metallaryň we toksinleriň bedenimizden çykmagyna ýardam edýär. Mundan başga-da, miwäniň antiseptiki täsiri bolup, ol bedene düşen kesel döredijileriň we dürli ýokançlaryň öňüni almaga täsirini ýetirýär. Üzümiň düzüminiň 80 göterime golaýy suwdan ybaratdyr. Miwäniň ýokumly baý düzümi keselleriň öňüni almaga we bejermäge täsirini ýetirýär. Miwe, esasan-da, ýürek-damar keselleriniň, dem alyş ýollarynyň keselleriniň, bogun agyrylarynyň we peşew ýollarynda, böwreklerde daş emele gelmeginiň öňüni alýar.

Üzüm bedeni gurplanydyryp, immun ulgamynyň işini kadalaşdyrýar. Miweden taýýarlanýan dürli içgiler bedene kuwwat beriji häsiýete eýe bolup, teşneligi gandyrýar. Üzüm içgisi bedendäki suw elektrolit çalşygyny sazlaýar. Kakadylan ýagdaýynda-da peýdaly maddalary, düzümindäki witaminleri özünde saklamagy miwäniň esasy tapawutly tarapydyr. Kişmişiň düzüminde B1, B2, B5 ýaly witaminler, fosfor, magniý, demir we mikro elementler bar. Şeýle witaminlere baý bolan kişmişiň bedene peýdaly täsiri ýokary bolup, çagalara we ýetginjeklere berlen ýagdaýynda, olaryň ösüşine, bedeniň gurplanmagyna, immun, ýürek-damar we nerw ulgamyna täsiri ýokary bolýar. Üzümiň nerw ulgamynyň dartgynlylygyny aýryjy, köşeşdiriji, ýat öýjüklerine energiýa berip, ýatkeşligi güýçlendiriji häsiýeti bellidir. Nerw keselli we akyl zähmeti bilen meşgullanýan adamlaryň gündelik iýmitine kişmişi goşmak maslahat berilýär.

Nabat AGABAÝEWA,
Gökdepe etrap köpugurly hassahanasynyň Hurmantgökje oba saglyk merkeziniň maşgala lukmany.
Beýleki habarlar