Tomusda arassaçylygy berk saklamaly

17 Iýul 2023
782

Tomusda dürli gök-bakja önümleri bişýär. Çagalar hem gök-bakja önümlerini iýmegi diýseň gowy görýärler. Bilseňiz ýagşy, şu döwürde käbir möwsümleýin keseller ýüze çykýar. Olaryň biri hem içgeçmedir. Içgeçme içegäniň zeperlenmegi we bedeniň zäherlenmegi bilen häsiýetlendirilýän ýokanç keseldir. Lukmanlar içgeçmäni: «Hapa elleriň keseli» diýip atlandyrýarlar. Şol sebäpli bu keselden goranmak üçin, esasan-da, arassaçylyk düzgün-tertibini saklamak örän möhümdir.

Elleri elmydama sabynlap ýuwmagy endik etmeli.

Annamyrat AKYÝEW,
«Saglyk» žurnalynyň bölüm redaktory.
Beýleki habarlar