Gün urmasyndan goranalyň!

12 Iýul 2023
455

Gün şöhlesiniň aşagynda köp gezilse, adamy Gün urýar. Eger ýiti kellagyry, ysgynsyzlyk duýsaňyz, ýüregiňiz bulansa, gyzgynyňyz ýokarlansa, başyňyz aýlansa we ysytma tutsa, sizi Gün uran bolmagy ahmal. Şonda tizden-tiz lukmana ýüz tutuň! Gün urmasyndan goranmak üçin käbir düzgünleri ýerine ýetirmeli.

☼ Gün urmasyndan goranmak üçin yssy, güneşli günlerde hemişe başgaply gezmeli. Başgaplar açyk reňkde bolmaly. Çünki açyk reňkler şöhläni yzyna serpikdirýär. Eger başgap geýmeýän bolsaňyz, onda hökmany suratda saýawan göteriň. Ol diňe kelläňizi däl, bedeniňizi hem Gün şöhlesinden gorar.

Beýleki habarlar