Tomsuň çogly günlerinde

12 Iýul 2023
386

Tomus möwsüminde howanyň aşa gyzmagy netijesinde Günüň ýiti şöhlesinden goranmak zerurlygy ýüze çykýar. Şeýle hem ýurdumyzda hereket edýän şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk düzgünlerini doly, dogry berjaý etmelidir. Gartaşan we dowamly keselleri bolan adamlar lukmanyň gözegçiliginde bolmaly. Kiçi ýaşly çagalara howanyň aşa gyzan mahalynda daşary çykmak maslahat berilmeýär. Möhüm zerurlyk bolmasa, irden sagat 9:00-dan öýlän howanyň salkynlaýan mahalyna — 18:00-a çenli daşary çykmazlyk, möwsüme görä açyk reňkli, nah matadan tikilen eşikleri geýinmek, Günüň şöhlesinden goranmak üçin kellä başgap geýmek, ýaglyk daňynmak, saýawan götermek, arassa agyz suwuny ýanyň bilen almak maslahat berilýär. Şeýle-de günüň dowamynda gerekli mukdarda — 2-2,5 litre çenli arassa agyz suwuny içmeli. Tomsuň yssy günlerinde açyk meýdanda işleýän adamlara möwsüme görä geýinmek maslahat berilýär.

Tomus aýlarynda iýmit önümlerine has ünsli bolmaly. Gök-bakja önümlerini, miweleri, süýt we süýt önümlerini köpräk ulanmaly. Ýagly we ajy tagamlardan daşda bolmaly. Kakadylan et we balyk önümlerini, şöhlady iýmitiňizden aýyrmaly. Naharlar, esasan, gaýnadylan we buglanan görnüşinde taýýarlanylmalydyr.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.
Beýleki habarlar