Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamy döwrebap derejede yzygiderli ösdürilýär. Ýakynda dabaraly ýagdaýda açylan Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynda 9 saglyk we sport binasynyň bardygyny guwandyryjy üstünlikleriň hatarynda görkezmek bolar.
Arkadag şäherinde ekologiýa taýdan arassa serişdeleriň ulanylmagy hem-de «akylly» şäher konsepsiýasyndan ugur alnyp bina edilen desgalaryň hatarynda gurlan çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adynyň dakylmagy hem ähli halkymyzy, şol sanda saglygy goraýyş işgärlerini guwandyrdy. Şu ýylyň 29-njy iýunynda täze şäher bilen birlikde açylyp ulanmaga berlen çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde döredilýän şertler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ösen talaplaryna hem-de belent ruhuna laýyk gelip, çagalaryň dynç almaklary, şol sanda höwes edýän hünär endiklerini ele almagyna ýardam berýän ähli zerur şertler bilen üpjün edilendir.