Günüň ýiti şöhlesinden goranalyň

11 Iýul 2023
335

Tomus paslynyň gyzgyn, epgekli, gurak howa durumy bolansoň, käbir adamlaryň kesellere bolan goranyjylyk ukyby peselýär. Bu köplenç çagalarda, gartaşan hem-de hroniki keselleri bolan adamlarda gabat gelýär. Olar yssy howany agyr geçirýärler.

Hroniki keselleri bolan adamlar mümkin boldugyça günüň gyzan mahaly bir ýere ýolagçy bolmakdan saklanmalydyrlar. Ýüregagyrysy, süýjükeseli bolan adamlar, gipertoniki nähoşlar, ýakynda hassahanada bejergi alyp çykanlar ýa-da saglyk merkezine gatnawly lukmançylyk bejergilerini alýanlar özlerini yssy howa durumyndan, Gün şöhlesiniň göni düşmeginden goramalydyrlar. Olar öz işini günortana çenli tamamlamaga meýilleşdirmelidirler, ýa-da günüň öýläne sapýan wagtyna gabatlamalydyrlar. Eger işi çykyp, bir ýere gitmeli bolsalar, onda ýany bilen saýawan göterinmegi unutmaly däldir. Saýawan açyk reňkde, ýagny ak, mawy, çal, mele öwüşginde bolsa has gowy. Çünki açyk reňk Günüň ýiti şöhlesini serpikdirmekde has ygtybarlydyr. Gyz-gelinler ak ýaglyk ýa-da ýuka ýapynja ulansalar, erkek adamlardyr oglanlar başyna başgap geýseler, Gün urmakdan goranarlar.

Soltanjemal PÄLWANOWA,
Bäherden etrap hassahanasynyň lukmany.
Beýleki habarlar