Saglygymyzy goramak öz elimizde!

4 Iýul 2023
415

Pasyllaryň çalyşmagy, howanyň gyzgynlyk derejesiniň ýokarlanmagy adam bedenine dürlüçe täsir edýär we möwsümleýin keselleriň ýüze çykmagyna getirýär. Şonuň üçin yssy howada daşarda gezim edilip gelnenden soň, aşa sowuk suwy içmekden saklanmaly!

Gurak we yssy howada hereket edilende, adam bedeni köp mukdarda suw talap edýär. Şonuň üçin öýden çykanyňyzda ýanyňyz bilen arassa içimlik agyz suwuny almagy unutmaly däl. Howanyň yssy günlerinde gaýnadylyp, sowadylan suwy içmek örän peýdalydyr. Tomus paslynyň talaplaryna laýyklykda, nah matalardan taýýarlanan egin-eşikleri geýmeli.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.
Beýleki habarlar