Tomsuň yssysynda

3 Iýul 2023
539

Gün şöhlesi, arassa howa ynsan saglygyna örän peýdaly bolup, ol ýerlikli peýdalanylanda «D» witaminiň işlenip çykmagyna oňaýly täsir edýär we bedeniň kesellere garşy göreşmek ukybyny pugtalandyrýar. Ýöne, Gün şöhlesiniň aşagynda uzak wagtlap durmak bedende dürli bozulmalaryň ýüze çykmagyna getirip biler.

Tomus möwsüminde howanyň aşa gyzmagynyň netijesinde, Günüň ýiti şöhlesinden goranmaly, şeýle hem, gartaşan we dowamly keselleri bar bolan adamlar lukmanyň gözegçiliginde bolmaly. Howanyň aşa gyzan mahalynda gezelenje çykmak maslahat berilmeýär. Möwsüme görä açyk reňkli, nah matadan tikilen eşikleri geýip çykmaly. Günüň şöhlesinden goranmak üçin kellä başgap geýmeli, ýaglyk daňynmaly, saýawan götermeli we arassa agyz suwuny içmeli.

Maýsa MYRADOWA,
Aşgabat şäherindäki 9-njy saglyk öýüniň maşgala lukmany.
Beýleki habarlar