"Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat çapary" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-09, 38-61-11, 38-61-12
Email: metbugatchapary-gazeti@online.tm

Habarlar

TDHÇMB we «Astana» halkara maliýe merkezi hyzmatdaşlygyň ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar

4-nji fewralda Aşgabatda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň wekilleri «Astana» halkara maliýe merkeziniň (AIFC) wekiliýeti bilen mundan beýläk-de hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. AIFC Ýaşyl maliýe merkeziniň müdiri Aýdar Kazybaýew türkmen tarapyna guramanyň alyp barýan işleri barada habar berdi, şeýle hem, tejribe alyşmak we öndürijilikli gatnaşygy ýola goýmak üçin Gazagystana çagyrdy.

Azerbaýjanyň ýük-ýolagçy gämisi Türkmenistana geldi

Azerbaýjanyň ýük-ýolagçy gämisi «Zarifa Aliýewa» Türkmenistana geldi. Gämi Türkmenbaşy Halkara portuna bolan ilkinji ýüzüşinde 16 agyrulag we 20 sany ýük tirkegini getirdi. Bu ugur häzirki wagtda synagdan geçirilýär. Geljekde gämi günde bir gezek gatnaw eder. «2022-nji ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portundan daşalýan üstaşyr ýükleriniň mukdary geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, iki ýarym esse artdy» diýip, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň logistika we marketing bölüminiň başlygynyň orunbasary Ýunus Kakabaýew habar berdi.

Hoşniýetli hyzmatdaşlyk ösdürilýär

Arkadagly Serdarymyzyň üstünlikli alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz özüniň ösüşli ýolunda bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda okgunly ösüşiň röwşen ýoluna düşen Türkmenistan Ýer ýüzünde parahatçylygyň, abadançylygyň, dost-doganlygyň has-da pugtalandyrylmagyna gönükdirilen syýasaty amala aşyrýar. Döwlet Baştutanymyzyň amala aşyrýan parasatly içeri we daşary syýasaty ýurdumyzyň pajarlap ösmegini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň barha ýokarlanmagyny üpjün edýär, şeýle hem Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende galdyrýar.

Türkmen-german forumy geçirildi

Ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäherinde ýerleşýän Halkara okuw-ylmy merkezinde teleköpri arkaly geçirilen saglygy goraýyş boýunça Х türkmen-german forumy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly ähmiýete eýe boldy. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň (GFR) Federal saglygy goraýyş ministrliginiň arasynda baglaşylan Hyzmatdaşlyk hakyndaky ylalaşygyň çäklerinde guralan bu halkara çäre iki günläp dowam etdi. Saglygy goraýyş boýunça Х türkmen-german forumyna Germaniýanyň Federal saglygy goraýyş ministrliginiň, farmakologiýa uniwersitetiniň wekilleri, GFR-iň belli hassahanalarynyň alym-professorlary we lukmanlary gatnaşdylar. Foruma türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň we welaýat saglygy goraýyş müdirlikleriniň, ýurdumyzyň ylmy-kliniki merkezleriniň hem-de beýleki bejeriş edaralarynyň ýolbaşçylary, lukmanlary, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymlary wekilçilik etdiler. Olar foruma Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkezinde, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde, Aşgabat şäheriniň 11-nji saglyk öýünde, Balkanabat şäheriniň 1-nji saglyk öýünde, Daşoguz welaýat köpugurly h

Ulag-logistika kompaniýalary üçin işewürligi ösdürmäge gönükdirilen maksatnama hödürlenýär

ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň we Beýik Britaniýanyň ulag we logistika institutynyň Merkezi Aziýadaky wekilhanalary türkmen ulag-logistika kompaniýalaryny ýörite guraýan okuw we konsalting maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrýar. Işewürligi ösdürmäge gönükdirilen maksatnamanyň çäginde saýlanyp alnan ýerli ulag-logistika kärhanalarynyň wekillerine logistika işinde döreýän meseleleri çözmegiň, işi durnukly alyp barmagyň usullary öwrediler. Şeýle hem ulag-logistika babatda öňdebaryjy bilermenlerden konsalting maslahatlaryny almak mümkinçiligi bardyr.

Dost-doganlyk mukamy

Düýn paýtagtymyzyň «Daşkent» medeni-dynç alyş seýilgähinde Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaraly konsert geçirildi. Doganlyk ýurduň paýtagty, taryhy gymmatlyklara baý bolan gadymy Daşkendiň medeni aýratynlyklaryny özünde jemleýän ajaýyp seýilgähde guralan dabara Türkmenistanyň Daşary işler, Maliýe we ykdysadyýet, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, Medeniýet, Bilim ministrlikleriniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylary, şeýle-de iki ýurduň döredijilik, medeniýet işgärleri we sungat ussatlary gatnaşdy. Çäräniň başynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow we Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Kuçkarow çykyş etdi. Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, iki dostlukly ýurduň doganlyk halklarynyň arasyndaky gatnaşyklar köklerini taryhy çuňluklardan alyp gaýdýar. Täze döwürde türkmen-özbek gatnaşyklary ähli ugurda giň gerim aldy, iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär. «Dost bolan dogan ýagşy» diýlişi ýaly, doganlyk halklaryň arasyndaky medeni gatnaşyklar hem barha ýygjamlaşýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul etmegi

30-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow RF-niň parlament wekiliýetine ýolbaşçylyk edip ýurdumyza sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodini kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda deňhukuklylyk, özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-rus gatnaşyklarynyň dostlukly we strategik häsiýete eýedigi kanagatlanma bilen nygtaldy.

Türkmen-rus gatnaşyklary

30-njy ýanwarda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy W.Wolodiniň arasynda hem-de iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi. Onda parlamentara hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri, ugurdaş komitetleriň çäklerindäki gatnaşyklar, kanun çykaryjylyk ulgamynda netijeli tejribe alyşmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň barşynda Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy şu ýylyň 21-nji ýanwarynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisinde Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek we milli parlamenti bir palataly ulgama öwürmek barada kabul edilen çözgütler bilen tanyşdyryldy.

Media ulgamy: hukuk binýady kämilleşdirilýär

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir ulgamyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň ýörelgelerine, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, jemgyýet we döwlet durmuşynyň dürli ulgamlarynyň ösdürilmegini hukuk taýdan goldamak babatda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri çygrynda hem kanunçylyk kämilleşdirilýär. Netijede, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri babatda ýüze çykýan gatnaşyklar düzgünleşdirilýär. Maglumatlary ýygnamagyň, taýýarlamagyň we ýaýratmagyň tertibi bellenilýär. Maglumatlary taýýarlamagy, ýaýratmagy amala aşyrýan subýektleriň, şeýle hem olaryň işini düzgünleşdirýän edaralaryň we žurnalistleriň hukuklaryny, borçlaryny, jogapkärçiligini kesgitleýän, «Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Ol XI bapdan ybarat bolup, 60 maddany öz içine alýar. Onuň 57 — 59-njy maddalarynda kesgitlenilişine laýyklykda, köpçülikleýin habar babatda halkara hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň halkara şertnamalarynyň esasynda amala aşyrylýar. Redaksiýalar, žurnalistleriň professional birleşikleri, beýleki döwletleriň raýatlary we ýuridik şahslary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde halkara guramala

Abadançylygyň kepili

Haýsydyr bir tutum köp adamyň bähbidi nazarda tutulyp başlananda, onda şol iş haýyrly hem döwletli hasaplanýar. Çünki ol ýerde bütin halkyň ykbalyna täsirini ýetirjek başlangyçlar görünýär. Bu günki gün hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlary bütin adamzadyň bähbidine gönükdirilýär. Biz muny döwletimiziň başlangyjy esasynda BMG-niň kabul eden birnäçe kararnamalarynda hem görýäris. Elbetde, bu kararnamalarda bütin dünýäde parahatçylygy we abadançylygy berkitmek bilen baglanyşykly garaýyşlar öz beýanyny tapýar.

Türkmenistan — Russiýa: parlamentara gatnaşyklar işjeňleşdirilýär

30-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow RF-niň parlament wekiliýetine ýolbaşçylyk edip ýurdumyzda saparda bolan Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodini kabul etdi. TEJRIBE ALYŞMAK ÜÇIN MÜMKINÇILIK

Germaniýa harytlaryň üstaşyr ulgamyny sanlylaşdyrmakda Türkmenistana goldaw berýär

Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) 2023-nji ýylyň ahyryna çenli Türkmenistana harytlaryň üstaşyr ulgamyny sanlylaşdyrmakda goldaw berýär. Bu barada GIZ-iň wekiliniň aýdanlaryna salgylanyp, “Trend” agentligi çarşenbe güni habar berdi. Sanly gurallary ulanmak bilen söwda kompaniýalary öz harytlary barada deslapky maglumatlary elektron görnüşinde gümrük gullugyna, şeýle hem kagyz resminamalary ulanmazdan başga ýurtlara iberip bilerler. Bu bolsa Türkmenistan bilen goňşy ýurtlaryň arasyndaky ýükleriň üstaşyr geçirilmegini ýeňilleşdirýär, ygtybarlylygyny üpjün edýär we tizleşdirýär.

Hindistandan ugradylan ýük Türkmenistanyň üsti bilen Gazagystana eltiler

Hindistanda öndürilen künjiniň uly möçberi konteýnerlerde Eýranyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň demir ýollary arkaly Gazagystanyň Almaty şäherine eltiler. Konteýner ýükleri Hindistanyň Mundra deňiz portundan Arap deňzi arkaly Eýranyň günortasyndaky Bender-Abbas deňiz portuna ugradyldy. Bu barada Gazagystanyň demir ýol edarasy habar berýär. Künji ýükli konteýner ýük düzümi Gazagystan — Türkmenistan — Eýran halkara demir ýol geçelgesini işjeňleşdirmek maksady bilen, «Gazagystan demir ýollary» paýdarlar jemgyýeti tarapyndan guralýar. Bu ugur boýunça konteýner ýükleriniň 20 günden gowrak wagtda barmaly ýerine eltilmegi maksat edinilýär.

Dost bi­len abat öýüň...

Öz­bek-türk­men medeni-ede­bi gat­na­şyk­la­ry täze derejä çykýar Soň­ky ýyl­lar­da kök­le­ri­ni, dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny, öza­ra dü­şü­niş­mek däp­le­ri­ni ga­dy­my­ýet­den alyp gaýd­ýan öz­bek hem türk­men halk­la­ry­nyň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­lyk bar­ha ro­waç­la­nyp, tä­ze nus­ga­lyk de­re­jä çyk­ýar. Mu­nuň şeý­le bol­ma­gyn­da döw­let­le­ri­mi­ziň hor­mat­ly Pre­zi­dent­le­ri Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýe­wiň hem-de Ser­dar Berdimuhamedowyň ta­gal­la­la­ry diý­seň ulu­dyr. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ni di­ňe ge­çen, 2022-nji ýy­lyň do­wa­myn­da iki ýur­duň ara­syn­da ge­çi­ri­len dür­li çä­re­lerdir wakalar hem tas­syk­la­ýar. Ola­ryň ara­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­na ama­la aşy­ran döw­let sa­pa­ry, ýur­du­my­zyň hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­niň Türk­me­nis­ta­na res­mi sa­pa­ry, Aş­ga­bat şä­he­rin­de açy­lan «Daş­kent» se­ýil­gä­hi, Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da ge­çi­ri­len Öz­bek we türk­men halk­la­ry­nyň dost­luk fes­ti­wa­ly ýa­ly en­çe­me ta­ry­hy wa­ka­la­ry gör­kez­se bo­lar.

Halkara giňişlikde

habarlar, täzelikler Sebit merkeziniň işine ýokary baha berildi

Türkmenistan bilen Günorta Koreýa gämi gurluşygynda hyzmatdaşlygy ýola goýmakçy

“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň wekilleri 15-24-nji ýanwar aralygynda Günorta Koreýanyň Busan şäherine amala aşyran iş saparynyň dowamynda Türkmenistan bilen Günorta Koreýanyň arasynda gämi gurluşyk pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak bilen baglanyşykly birnäçe çärelere gatnaşdylar. Bu sapar Günorta Koreýanyň çakylygy esasynda, Koreýanyň Deňiz enjamlaryny öwreniş ylmy-barlag instituty (KOMERI) bilen “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň arasynda gol çekilen Ähtnamany durmuşa geçirmek maksady bilen amala aşyryldy. Bu barada “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň metbugat gullugy sişenbe güni habar berdi.

“KTZ Express” Türkmenistanyň üsti bilen Hindistandan Gazagystana künji tohumyny daşaýar

Gazagystanyň “Kazahstan Temir Žoly” (KTZ) milli demir ýol kompaniýasynyň golçur kärhanasy “KTZ Express” Eýranyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň üsti bilen Hindistandan Gazagystana künji tohumyny daşamagy amala aşyrýar. Bu ýük daşamasy Gazagystan-Türkmenistan-Eýran ulag geçelgesinde konteýner hyzmatyny ösdürmegiň bir bölegidir. Bu barada Gazagystanyň “Kazahstan Temir Žoly” (KTZ)  milli demir ýol kompaniýasynyň metbugat beýanatynda penşenbe güni habar berdi.

Türkmenistanyň Astrahanadaky logistika merkezini açmak üçin ýene bir möhüm ädim ädildi

Türkmen-rus işewür forumynyň netijesinde Astrahan sebitiniň portunyň ýörite ykdysady zolagynda Türkmenistanyň logistika merkezini döretmek taslamasynyň durmuşa geçirilmegini ýeňilleşdirmek üçin birnäçe täsirli çäreler beýan edildi. Onuň çäklerinde Astrahan şäherinde Türkmenistanyň logistika merkezini gurmak baradaky taslamany durmuşa geçirmek üçin hereketleriň meýilnamasy kabul edildi Aşgabatdaky forumda «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» AGPJ we  «Ýörite ykdysady zolak» paýdarlar jemgyýeti (RF) maýa goýum taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça Ähtnama gol çekdiler.

Parlamentara hyzmatdaşlykda möhüm ädim

Bu günki gün ýurdumyzyň ähli ulgamynda giň möçberli özgertmeler, taryhy ähmiýetli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Döwletimiziň syýasy, ykdysady, medeni, ynsanperwer ugurlary ösüş-özgerişlere beslenýär. Baky Bitarap Watanymyz sebitde hem-de dünýäde ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösmegine uly goşant goşýar. Şu jähetden, parlamentara derejede göni gatnaşyklary ösdürmäge hem uly ähmiýet berýär. Ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodin RF-niň parlament wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, ýurdumyzda saparda boldy. Hormatly myhmanyň döwlet Baştutanymyz bilen bolan duşuşygynyň dowamynda deňhukuklylyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-rus gatnaşyklarynyň, däp bolşy ýaly, dostlukly we strategik häsiýete eýedigi kanagatlanma bilen bellenildi.

Düşünişmegiň we ynanyşmagyň açary

Berkarar döwletimiz Bitaraplyk hukuk derejesine ygrarly bolmak bilen, parahatçylyk söýüjilikli hem-de ynanyşmak medeniýetine esaslanýan daşary syýasaty alyp barýar. Dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ösdürilýär. Döwletimiziň abraý-mertebesi halkara jemgyýetçiliginde yzygiderli ýokarlanýar, ýurdumyzyň abraýly halkara guramalarda öňe sürýän, ählumumy bähbitleri nazarlaýan başlangyçlaryna düşünilýär we olar giňden goldanylýar. Bularyň ählisi Türkmenistanyň sebitde parahatçylygy, durnukly ösüşi pugtalandyrmaga, hoşniýetli goňşuçylyk ýagdaýyny döretmäge hem-de giň halkara hyzmatdaşlygy ilerletmäge gönükdirilen tagallalarynyň barha rowaçlyklara beslenýändigini tassyklaýar. Gahryman Arkadagymyzyň halkara gatnaşyklaryň filosofiýasy hökmünde öňe süren «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly täze başlangyjy hem Ýer ýüzünde abadançylygyň we gülläp ösüşiň pugtalandyrylmagyna çagyryş bolmak bilen, dünýä bileleşiginde uly goldaw tapýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 45-nji plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly başlangyjyň goldanylmagy we «2023-nji ýyl — Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi hem munuň aýdyň güwäsi boldy.