Türkmen-rus gatnaşyklary

3 Fewral 2023
423

30-njy ýanwarda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy W.Wolodiniň arasynda hem-de iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi.

Onda parlamentara hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri, ugurdaş komitetleriň çäklerindäki gatnaşyklar, kanun çykaryjylyk ulgamynda netijeli tejribe alyşmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň barşynda Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy şu ýylyň 21-nji ýanwarynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisinde Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek we milli parlamenti bir palataly ulgama öwürmek barada kabul edilen çözgütler bilen tanyşdyryldy.

«Watan».