Dost bi­len abat öýüň...

3 Fewral 2023
392

Öz­bek-türk­men medeni-ede­bi gat­na­şyk­la­ry täze derejä çykýar

Soň­ky ýyl­lar­da kök­le­ri­ni, dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny, öza­ra dü­şü­niş­mek däp­le­ri­ni ga­dy­my­ýet­den alyp gaýd­ýan öz­bek hem türk­men halk­la­ry­nyň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­lyk bar­ha ro­waç­la­nyp, tä­ze nus­ga­lyk de­re­jä çyk­ýar. Mu­nuň şeý­le bol­ma­gyn­da döw­let­le­ri­mi­ziň hor­mat­ly Pre­zi­dent­le­ri Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýe­wiň hem-de Ser­dar Berdimuhamedowyň ta­gal­la­la­ry diý­seň ulu­dyr. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ni di­ňe ge­çen, 2022-nji ýy­lyň do­wa­myn­da iki ýur­duň ara­syn­da ge­çi­ri­len dür­li çä­re­lerdir wakalar hem tas­syk­la­ýar. Ola­ryň ara­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­na ama­la aşy­ran döw­let sa­pa­ry, ýur­du­my­zyň hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­niň Türk­me­nis­ta­na res­mi sa­pa­ry, Aş­ga­bat şä­he­rin­de açy­lan «Daş­kent» se­ýil­gä­hi, Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da ge­çi­ri­len Öz­bek we türk­men halk­la­ry­nyň dost­luk fes­ti­wa­ly ýa­ly en­çe­me ta­ry­hy wa­ka­la­ry gör­kez­se bo­lar.

Ba­ha­dur KA­RI­MOW,
Aly­şir No­wa­ýy adyn­da­ky Daş­kent döw­let öz­bek di­li we ede­bi­ýa­ty uni­wer­si­te­ti­niň pro­fes­so­ry, fi­lo­lo­gi­ýa ylym­la­ry­nyň dok­to­ry, ede­bi­ýat­şy­nas.