Türkmen-german forumy geçirildi

4 Fewral 2023
634

Ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäherinde ýerleşýän Halkara okuw-ylmy merkezinde teleköpri arkaly geçirilen saglygy goraýyş boýunça Х türkmen-german forumy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly ähmiýete eýe boldy.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň (GFR) Federal saglygy goraýyş ministrliginiň arasynda baglaşylan Hyzmatdaşlyk hakyndaky ylalaşygyň çäklerinde guralan bu halkara çäre iki günläp dowam etdi. Saglygy goraýyş boýunça Х türkmen-german forumyna Germaniýanyň Federal saglygy goraýyş ministrliginiň, farmakologiýa uniwersitetiniň wekilleri, GFR-iň belli hassahanalarynyň alym-professorlary we lukmanlary gatnaşdylar. Foruma türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň we welaýat saglygy goraýyş müdirlikleriniň, ýurdumyzyň ylmy-kliniki merkezleriniň hem-de beýleki bejeriş edaralarynyň ýolbaşçylary, lukmanlary, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymlary wekilçilik etdiler. Olar foruma Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkezinde, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde, Aşgabat şäheriniň 11-nji saglyk öýünde, Balkanabat şäheriniň 1-nji saglyk öýünde, Daşoguz welaýat köpugurly hassahanasynda, Lebap welaýat köpugurly hassahanasynda, Mary welaýat çagalar hassahanasynda gurnalan sanly wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdylar.

«Saglyk».