Dost-doganlyk mukamy

4 Fewral 2023
498

Düýn paýtagtymyzyň «Daşkent» medeni-dynç alyş seýilgähinde Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaraly konsert geçirildi. Doganlyk ýurduň paýtagty, taryhy gymmatlyklara baý bolan gadymy Daşkendiň medeni aýratynlyklaryny özünde jemleýän ajaýyp seýilgähde guralan dabara Türkmenistanyň Daşary işler, Maliýe we ykdysadyýet, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, Medeniýet, Bilim ministrlikleriniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylary, şeýle-de iki ýurduň döredijilik, medeniýet işgärleri we sungat ussatlary gatnaşdy.

Çäräniň başynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow we Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Kuçkarow çykyş etdi. Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, iki dostlukly ýurduň doganlyk halklarynyň arasyndaky gatnaşyklar köklerini taryhy çuňluklardan alyp gaýdýar. Täze döwürde türkmen-özbek gatnaşyklary ähli ugurda giň gerim aldy, iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär. «Dost bolan dogan ýagşy» diýlişi ýaly, doganlyk halklaryň arasyndaky medeni gatnaşyklar hem barha ýygjamlaşýar.

Süleýman HANGELDIÝEW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Meretdurdy ROZYÝEW.