"Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat çapary" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-09, 38-61-11, 38-61-12
Email: metbugatchapary-gazeti@online.tm

Habarlar

Milletiň mizemez sütünleri

Halklary dostlaşdyrýan, kalplarda ýürekdeşligi oýarýan milli sütünler bilim, ylym we medeniýetdir. Gatbar-gatbar kitaplaryň sahaplaryny agtaraňda, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundan üstaşyr geçen kerwenleriň türkmen halkynyň bilimini, ylmyny, medeniýetini näderejede ezizländigine we sarpalandygyna göz ýetirýärsiň. Asyrlar aşyp, waspy dünýäniň çar künjüne ýaýran türkmen bilimi, ylmy, medeniýeti bu gün özüniň dünýä derejesindäki şöhratyny has-da pugtalandyrdy. Bosagamyzdan ätlän 2023-nji ýyl hem milli gymmatlyklarymyzyň dünýä ýüzüne ýaň saljak ýyllarynyň biri bolar. Müňýyllyklaryň içinde baý tejribe toplan halkymyzyň milli edim-gylymlary we ajaýyp däp-dessurlary bar. Gahryman Arkadagymyzyň: «Türkmen halkynyň medeni gymmatlyklary milletimiziň joşgunly kalbynyň altyn hazynasydyr. Bu gymmatlyklar dünýäniň syýasy, medeni-ruhy we ykdysady ösüşine ummasyz goşant goşan mähriban halkymyzyň mirasydyr. Biziň milli mirasymyz halkymyzyň aň we paýhas, akyl we düşünje, pähim-parasat derejesidir. Medeniýet milletiň mertebesidir, halkyň kalbydyr. Türkmen medeniýeti dünýäniň taryhynda müdimi orun alan maddy hem-de ruhy gymmatlyklaryň bir bitewi ulgamydyr» diýip jaýdar belleýär. Hakykatdan hem milletiň mertebesi onuň iň ezizleýän buýsanjydyr. Şol buýsanjy başymyza täç edip, ata-babalarymyzdyr ene-mamalarymyzdan bize ýetip gelen baý medeni mirasymyzy aýawly saklamak, galyberse-de, ol gymmatlyklaryň wasp

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Aşgabat, 21-nji fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy hökmünde işini tamamlaýan Natalýa Germany kabul etdi. Diplomat ikiçäk duşuşykda köpýyllyk hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny bildirip, döwlet Baştutanymyza BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň mähirli salamyny hem-de Garaşsyz Türkmenistanyň halkyna parahatçylyk, abadançylyk, giň möçberli özgertmeler ýolunda üstünlikler baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Biziň hyzmatdaşlygymyz — mizemez dostlugyň nusgasy

Aleksandr BLOHIN,Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi. Türkmenistan Garaşsyzlygyny gazanan wagtyndan bäri Russiýa Federasiýasynyň strategik hyzmatdaşy bolmagynda galýar. Iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyndan soňky geçen 30 ýyldan gowrak döwürde halkara ylalaşyklar bilen berkidilen pugta, deňhukukly gatnaşyklar kemala geldi. Ol syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgam ýaly ugurlaryň tas ählisini öz içine alýar. 2002-nji ýylda Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistan dostluk we hyzmatdaşlyk hakynda Şertnamany baglaşdylar. RF-niň Prezidenti Wladimir Putiniň 2017-nji ýylda Türkmenistana amala aşyran saparynyň çäklerinde bolsa strategik hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama gol çekildi. Olar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň arhitekturasynda esasy resminamalar bolup durýar. Mundan başga-da, rus-türkmen hyzmatdaşlygynyň umumy şertnama binýady halkara ylalaşyklaryň 360-dan gowragyndan ybarat bolup, munuň özi ähli ugurlardaky özara hereketleriň ýokary derejededigine şaýatlyk edýär.

Haýran galdyrýan inçe sungat

Milletine ýa-da ýurduna garamazdan, milli öwüşginli zatlar ähli ýerde özüne çekýär. Eýran Yslam Respublikasynyň ýakynda paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda giňden ýaýbaňlandyrylan ykdysady sergisinde hem önüm öndürijileriň, işewürleriň iň zamanabap we ýokary hilli önümleri bilen birlikde, nepis halylar ünsümizi özüne çekdi. Diwarlykda asylyp goýlan ýüpek halylar älemgoşar lowurdysy bilen gözüňi gamaşdyrýar. Olary elläp görüp, her biriniň gaty inçelik bilen dokalandygyna haýran galýarsyň. Diwarlygyň öňünde durup, bizi keseden synlaýan eýranly myhman ýanymyza geldi-de, özüni tanyşdyrdy. Ol bu ajaýyp gözellikleri döredýän Eýranyň «Iran Carpet» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Mehti Suleýmani eken. Biz oňa özümizi gyzyklandyrýan sowallar bilen ýüzlendik. Eýranly halyşynas şeýle gürrüň berdi: — Halylaryň syklygy ýüpekleriň inçeliginden hem-de olary dokaýanlaryň ussatlygyndan. Üns beriň, şu halynyň ýedi santimetrinde 70-den 100 aralykda çitim bar. Bu gaty inçe hem nepis sungat. Bu barada, Türkmen halysynyň milli muzeýine baranymyzda, siziň halyçy zenanlaryňyz hem aýtdylar. Şu ýerde çeper elli türkmen gelin-gyzlarynyň dokaýan halylarynyň hem örän owadandygyny, nepisdigini aýdasym gelýär. Aýratyn-da, haly nagyşlarynyň köpdürlüligi haýran galdyrdy. Nagyşlar biri-birini gaýtalamaýar, her bir göli, reňki, çitimi durşuna ylym diýseň-de, hakykata ýakyn bolar. Türkmen

Binýady berk halkara gatnaşyklary

Gadymy we müdimi halkymyzda jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň näderejede berkdigini alamatlandyrýan «Biz olar bilen owal-ahyr saçakly, duz-çörekli gatnaşýarys» diýen sözler häli-şindi iň köp gaýtalanýan jümleler bolsa gerek. Şoňa görä-de, bu günki gün maşgala gatnaşyklary jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň, jemgyýetçilik gatnaşyklary bolsa halkara we dost-doganlyk gatnaşyklarynyň berkemeginde esas bolup durýar diýsek, öte geçmeris. Ýurdumyzda soňky ýyllarda halkara gatnaşyklar babatdaky gazanylýan üstünlikler hem muňa doly şaýatlyk edýär. Gadymdan gelýän hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwrebap we hil taýdan täzeçil röwüşde dowam etdirilýän şeýle halkara gatnaşyklarynyň biri-de, türkmen-katar gatnaşyklarydyr. 20-nji fewralda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyza sapar bilen gelen Katar Döwletiniň Şeýhler maşgalasynyň agzasy Şeýh Faýsal bin Nasser bin Hamad Al Tani bilen geçiren duşuşygy hem munuň aýdyň güwäsine öwrüldi.

Türkmenistan we ÝUNESKO: täze ädimler uly üstünliklere badalga

Bäş müňýyllyk baý taryhly milletimiziň medeni gymmatlyklary bu gün ýekänme-ýekän tutuş dünýä medeniýetiniň hazynasyna öwrülip, adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulýar. Bu babatda ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bolan ÝUNESKO bilen ýakyn hyzmatdaşlykda bolmagy türkmen medeniýetiniň dünýä medeniýetiniň genji-hazynasynda öz ornuny tapmagyna uly ýardam edýär. Bu hyzmatdaşlyga ýokary baha berýän hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, halkara guramasy bilen gatnaşygy has-da berkitmek üçin ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedralaryny açmak üçin teklibi nazarda tutulyp, 18-nji fewralda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, şeýle-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda ÝUNESKO kafedralarynyň açylyş dabarasy boldy. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň ÝUNESKO kafedrasynyň «Medeni miras: geçmişden geljege» diýlip atlandyrylmagy, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň ÝUNESKO kafedrasyna bolsa «Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi» diýlip at berilmegi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda başy başlanan we Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän netijeli gatnaşyklara Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň hem işjeň gatnaşýandyklarynyň aýdyň nyşany boldy. Türkmenistanyň milli topary t

ÝU­NES­KO ka­fed­ra­la­ry: hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň tä­ze göz­ýe­tim­le­ri

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň alyp bar­ýan üs­tün­lik­li döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň esa­syn­da hal­ky­my­zyň ta­ry­hy-me­de­ni gym­mat­lyk­la­ry­ny giň­den öw­ren­mek, ylym-bi­lim ul­ga­myn­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny ös­dür­mek, hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry, il­kin­ji no­bat­da, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet me­se­le­le­ri bo­ýun­ça gu­ra­ma­sy — ÝU­NES­KO bi­len gat­na­şyk­la­ry iş­jeň­leş­dir­mek ba­ba­tyn­da giň ge­rim­li iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, şu ýyl Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň ÝU­NES­KO bi­len hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ýo­la go­ýul­ma­gy­na 30 ýyl dol­ýar. Ge­çen döw­rüň için­de ýur­du­my­zyň me­de­ni-ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­le­ri­ni öw­ren­mek­de, go­rap sak­la­mak­da we dün­ýä­de giň­den wa­gyz et­mek­de bu hal­ka­ra gu­ra­ma­sy bi­len bi­le­lik­de uly iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­di. Bu ba­ra­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz: «Türk­me­nis­ta­nyň baý me­de­ni-ta­ry­hy mi­ra­sy­ny we ýur­du­my­zyň tä­sin te­bi­gy ýer­le­ri­ni sak­lap gal­mak­da we wa­gyz et­mek­de ÝU­NES­KO-nyň gol­da­wy ýo­ka­ry ba­ha ber­mä­ge my­na­syp­dyr» di­ýip bel­le­ýär.

Köňülleri buýsandyrýan wakalar

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan döw­le­ti­mi­ziň hal­ka­ra de­re­je­sin­dä­ki at-ab­ra­ýy bar­ha art­ýar. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ne dün­ýä­de iň ab­raý­ly gu­ra­ma­la­ryň bi­ri bo­lan BMG we onuň dü­züm bö­lek­le­ri bi­len dür­li ugur­lar­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­jeň hyz­mat­daş­lyk aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär. Mä­lim bol­şy ýa­ly, hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz BMG-niň Bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet me­se­le­le­ri bo­ýun­ça gu­ra­ma­sy (ÝU­NES­KO) bi­len öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy giň­den ýaý­baň­lan­dyr­ýar. Mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy hök­mün­de ýur­du­my­zyň iň ab­raý­ly ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de, ýag­ny Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döwlet uni­wer­si­te­tin­de «Me­de­ni mi­ras: geç­miş­den gel­je­ge» hem-de Se­ýit­na­zar Seý­di adyn­da­ky Türk­men döw­let mu­gal­lym­çy­lyk ins­ti­tu­tyn­da «Dur­nuk­ly ösüş üçin eko­lo­gi­ýa bi­li­mi» at­ly ÝU­NES­KO ka­fed­ra­la­ry­ açyldy.

«Türkmen Logistika» assosiasiýasy halkara gurama bilen Ähtnama gol çekdi

«Türkmen Logistika» assosiasiýasy we Ýewraziýa transporty boýunça halkara utgaşdyryjy geňeşiň sekretariaty özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekdiler. «Türkmen Logistikanyň» habaryna görä, resminama Merkezi we Demirgazyk Aziýada, Hazar sebitinde we umuman Ýewraziýa yklymynda ulag hem-de logistika gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilendir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Katar Döwletiniň Şeýhler maşgalasynyň agzasy bilen duşuşdy

Aşgabat, 20-nji fewral (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Katar Döwletiniň Şeýhler maşgalasynyň agzasy Şeýh Faýsal bin Nasser bin Hamad Al Tani bilen duşuşyk geçirdi. Soňky ýyllarda türkmen-katar gatnaşyklary ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde yzygiderli ösdürilýär. Munuň özi döwletara hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykarylýandygynyň we netijeli baýlaşdyrylýandygynyň aýdyň beýanydyr.

Türkmenistan — BAE: ikitaraplaýyn gatnaşyklar ösdürilýär

19-njy fewralda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy boldy. Dünýä döwletleri, şol sanda Ýakyn Gündogaryň ykdysady taýdan kuwwatly we ösen ýurtlarynyň biri bolan Birleşen Arap Emirlikleri bilen köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şoňa görä-de, paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde myhmany döwlet Baştutanymyz garşylady. Belent mertebeli myhmana türkmen halkynyň milli myhmansöýerlik ýörelgelerine laýyk gelýän hormat-sarpa bildirildi.

Türkmenistan — Russiýa: däp bolan hyzmatdaşlyga ygrarlylyk

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky strategik hem-de köpugurly häsiýete eýe bolan döwletara gatnaşyklar okgunly ösdürilýär, netijeli hyzmatdaşlyk täze many-mazmun bilen yzygiderli baýlaşdyrylyp, ähli ugurlar boýunça giňeldilýär. Muny 17-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçugy kabul etmegi, duşuşyklaryň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ugurlarynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy nobatdaky gezek tassyklaýar. Duşuşyklaryň dowamynda strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan we ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýän döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşyldy. Şunda ozal gazanylan we dürli ulgamlardaky netijeli gatnaşyklaryň giňeldilmegine täze itergi bermäge gönükdirilen ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, yzygiderli ösdürilýän türkmen-rus syýasy dialogynyň netijeli häsiýeti bellenildi. Şeýle hem döwletara gatnaşyklaryň üstüni ýetirip, many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilen parlamentara hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär.

Sylagyňyz gutly, gadamyňyz batly bolsun!

18-nji fewralda ýurdumyzda giňden bellenilen Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni zenan diplomatlarymyz üçin goşa şatlyk boldy. Bu şanly sene mynasybetli hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, “Türkmenistanyň ussat diplomaty” diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglanan diplomatlaryň arasynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky (Nýu-Ýork şäheri, Amerikanyň Birleşen Ştatlary) hemişelik wekili, Türkmenistanyň Gahrymany Aksoltan Ataýewanyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rüstemowanyň bolmagy ýurdumyzda türkmen zenanlarynyň göreldeli zähmetine goýulýan belent sarpanyň aýdyň nyşany bolup şöhlelendi. Zenan diplomatlarymyzy alyp barýan nusgalyk işlerine berlen bu ýokary baha bilen gyzgyn gutlap, geljekde uly üstünlikleri arzuw edýäris. Bu babatdan, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rüstemowa bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol ýürek buýsanjyny şeýle beýan etdi:

Türkmen-eýran söwda-ykdysady gatnaşyklary berkeýär

15–17-nji fewralda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda Eýran Yslam Respublikasynyň ýöriteleşdirilen ykdysady sergisi geçirildi. Eýran ýurdumyzyň ýakyn goňşusy we ykdysady hyzmatdaşydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe iki halkyň arasyndaky doganlyk, özara düşünişmek, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklar hil taýdan täze mazmuna eýe bolýar.

Ýükleriň halkara daşamalarynda berilýän ýeňillikler

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy 1975-nji ýylyň 14-nji noýabryndaky MDP depderçesini ulanmak bilen Ýükleriň halkara daşalmagy hakyndaky Gümrük konwensiýasyna laýyklykda hereket edýän Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň «TIR-EPD» maglumat ulgamyny Döwlet gümrük gullugynyň «ASYCUDA World» utgaşdyrylan gümrük maglumat ulgamy bilen utgaşdyrdy. Häzirki wagtda «TIR-EPD» maglumat ulgamynyň üsti bilen gelip gowuşýan deslapky elektron maglumatlaryň esasynda, Gullugyň «ASYCUDA World» maglumat ulgamynda awtomatik usulda we muzdsuz, gümrük dellallynyň hyzmatlaryndan peýdalanmazdan, gümrük deklarasiýalary resmileşdirilýär.

Türkmen halkynyň milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Katar döwletiniň Şeýhler maşgalasynyň agzasy bilen gepleşikleri geçirdi

Şu gün türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyz ýurdumyza gelen Katar döwletiniň Şeýhler maşgalasynyň agzasy Şeýh Faýsal bin Nasser bin Hamad Al-Tani bilen ýokary derejede gepleşikleri geçirdi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Kataryň arasyndaky alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň özara bähbitli ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Myhman türkmen topragynda mähirli garşylanandygy üçin hormatly Prezidentimize hem-de milli Liderimize hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyzy özi üçin islendik amatly wagtda Katar döwletine sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Dostlukly gatnaşyklar rowaçlanýar

Dünýä döwletleri bilen köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän daşary syýasy strategiýamyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. 19-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýanyň duşuşygy boldy. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyz tarapyndan garşylanan belent mertebeli myhman özüniň mähirli kabul edilendigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi we her gezek Türkmenistana gelende, özüni ata Watanynda ýaly duýýandygyny aýtdy. Myhman döwlet Baştutanymyza, şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa, ähli türkmen halkyna Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň we BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministri, goranmak ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktumyň mähirli salamyny ýetirdi. Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan hormatly Prezidentimiziň geçen ýylyň 21-22-nji noýabrynda hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 11-12-nji fewralynda BAE amala aşyran resmi saparlarynyň iki döwletiň däp bolan dostluk we ynanyşmak gatnaşyklaryny ösdürmäge, özara bä

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň arasyndaky duşuşyk

Aşgabat, 19-njy fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy boldy. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde myhmany döwlet Baştutanymyz garşylady. Belent mertebeli myhmana türkmen halkynyň milli myhmansöýerlik ýörelgelerine laýyk gelýän hormat-sarpa bildirildi.

Habarlar halkara giňişlikde

Maksat — TOPH we TOP taslamalaryny tizleşdirmek Ýakynda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Möwlamow Pakistanyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Raja Perwez Aşraf bilen geçiren duşuşygynda ýurdumyzda halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy hökmünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilendigi barada habar berip, parlamentara gatnaşyklarda özara tejribe alyşmak üçin saparlardyr duşuşyklary guramagyň zerurdygyny nygtady. Şeýle-de türkmen diplomaty Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşyklarynyň amala aşyrylyşy hakynda gürrüň berdi.

Saglygy goraýyş ulgamy: hyzmatdaşlygyň giň mümkinçilikleri

Ýakynda Russiýa Federasiýasyndan birnäçe lukmandan ybarat wekiliýet Aşgabada geldi. Myhmanlar Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde hem-de paýtagtymyzyň halkara saglygy goraýyş merkezleriniň birnäçesinde boldular. Dostlukly döwletden gelen myhmanlar öz hünär aýratynlyklaryna laýyklykda, Onkologiýa ylmy-kliniki merkezinde, Halkara newrologiýa merkezinde, Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkezinde, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde lukmanlar hem-de talyplar üçin degişli ugurlar boýunça okuw sapagyny berdiler. Saparyň çäklerinde russiýaly lukmanlar ýerli näsaglar bilen duşuşyp, olara lukmançylyk maslahatlaryny berdiler we tiz wagtda sagalmaklaryny arzuw etdiler. Biz dostlukly ýurduň lukmanlarynyň käbiri bilen söhbetdeş bolup, olaryň beren gürrüňlerini, pikir-garaýyşlaryny okyjylara ýetirmegi makul bildik. Tatýana SEMÝONOWA, Russiýa Federasiýasynyň saglygy goraýyş ministriniň orunbasary: