Sylagyňyz gutly, gadamyňyz batly bolsun!

20 Fewral 2023
1362

18-nji fewralda ýurdumyzda giňden bellenilen Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni zenan diplomatlarymyz üçin goşa şatlyk boldy. Bu şanly sene mynasybetli hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, “Türkmenistanyň ussat diplomaty” diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglanan diplomatlaryň arasynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky (Nýu-Ýork şäheri, Amerikanyň Birleşen Ştatlary) hemişelik wekili, Türkmenistanyň Gahrymany Aksoltan Ataýewanyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rüstemowanyň bolmagy ýurdumyzda türkmen zenanlarynyň göreldeli zähmetine goýulýan belent sarpanyň aýdyň nyşany bolup şöhlelendi.

Zenan diplomatlarymyzy alyp barýan nusgalyk işlerine berlen bu ýokary baha bilen gyzgyn gutlap, geljekde uly üstünlikleri arzuw edýäris. Bu babatdan, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rüstemowa bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol ýürek buýsanjyny şeýle beýan etdi:

“Zenan kalby”.