Ýükleriň halkara daşamalarynda berilýän ýeňillikler

20 Fewral 2023
401

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy 1975-nji ýylyň 14-nji noýabryndaky MDP depderçesini ulanmak bilen Ýükleriň halkara daşalmagy hakyndaky Gümrük konwensiýasyna laýyklykda hereket edýän Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň «TIR-EPD» maglumat ulgamyny Döwlet gümrük gullugynyň «ASYCUDA World» utgaşdyrylan gümrük maglumat ulgamy bilen utgaşdyrdy.

Häzirki wagtda «TIR-EPD» maglumat ulgamynyň üsti bilen gelip gowuşýan deslapky elektron maglumatlaryň esasynda, Gullugyň «ASYCUDA World» maglumat ulgamynda awtomatik usulda we muzdsuz, gümrük dellallynyň hyzmatlaryndan peýdalanmazdan, gümrük deklarasiýalary resmileşdirilýär.

Çeşme: customs.gov.tm