Şu gün türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyz ýurdumyza gelen Katar döwletiniň Şeýhler maşgalasynyň agzasy Şeýh Faýsal bin Nasser bin Hamad Al-Tani bilen ýokary derejede gepleşikleri geçirdi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Kataryň arasyndaky alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň özara bähbitli ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Myhman türkmen topragynda mähirli garşylanandygy üçin hormatly Prezidentimize hem-de milli Liderimize hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyzy özi üçin islendik amatly wagtda Katar döwletine sapar bilen gelmäge çagyrdy.