"Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat çapary" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-09, 38-61-11, 38-61-12
Email: metbugatchapary-gazeti@online.tm

Habarlar

"Türkmenistanyň ulag we logistika merkezi" halkara hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Ýaňy-ýakynda "Türkmenistanyň ulag we logistika merkezi" Açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň wekillerinden ybarat türkmen wekiliýetiniň Rumyniýa sapary boldy. Saparyň dowamynda Rumyniýanyň Transport we infrastruktura ministrligi türkmen wekiliýetini kabul edildi. Duşuşyk türkmen tarapynyň başlangyjy bilen gurnaldy we ýeke-täk ýükleri konteýnerde daşamagy dolandyrmak wezipesini ýerine ýetirýän edara hökmünde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Özara peýdaly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak we Türkmenistanda demirýol arkaly konteýner daşamagyň resmi milli operatory bolmak niýetini mälim eden "Türkmenistanyň ulag we logistika merkezi" Açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Konstanta we Galatsi porty arkaly konteýner daşamagyň mümkinçilikleri bilen gyzyklandy.

Adamzat kalbynyň şahyry

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Ispaniýa Patyşalygynda geçirilen duşuşyklar Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzda we daşary döwletlerde meýilleşdirilen çäreler barha giň gerime eýe bolýar. Meýilnama laýyklykda, 9 — 17-nji mart aralygynda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň wekillerinden düzülen topar Ispaniýa Patyşalygynda iş saparynda boldy.

Dostum bar — doganym bar

Halkymyzda şeýle bir pähim bar: «Ýagşy sözlemek – edep, hal soramak – medet». Şunda gatnaşyk hakynda oýlanýarsyň. Asyl, «dost» sözi birek-birek bilen gündelik gatnaşygy saklamak üçin, habarlaşyp durmak üçin zerurlykmyka diýlip soralsa, bu söze ýa-da onuň gudratly güýjüne pederlerimiz başgaça garaýyş bilen jogap bererler. Danalaryň dili bilen aýdanyňda, «dost» diýmek agyr pursatda hakyky dostlugyňy ölçerýän terezidir. Halkymyzyň aňynda hem ýüreginde hakyky dostlugyň hakykaty ýatyr. Geçen hepdäniň wakalaryna ser salalyň. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tüýs türkmençiligiň, aýdyňlaşdyryp sözlänimizde ýürekdeşligiň, göwündeşligiň, dertdeşligiň nusgalyk göreldesini görkezdi. Agyr pursatda dostuna dostluk goluny uzatdy, göwünlik berdi, kuwwat beriji sözlerini zybana getirdi.

Syýahatçylyk: gezseň, gözelligi görseň

20-nji martda paýtagtymyzdaky «Arçabil» myhmanhanasynda «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahat öz işine başlady. Forumyň işine halkara guramalarynyň wekilleri, ýurdumyzyň we daşary döwletleriň şu ugur boýunça ýöriteleşen kompaniýalarynyň, şol sanda Özbegistanyň, Hytaýyň, Horwatiýanyň, Bolgariýanyň, Eýranyň, Günorta Koreýanyň ugurdaş düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Forumyň baş maksady halkymyzyň taryhy-medeni we tebigy ýadygärliklerini, ruhy hem-de maddy mirasyny, däp-dessurlaryny wagyz etmekden, dünýäniň syýahatçylyk düzümleri bilen bar bolan gatnaşyklary pugtalandyrmakdan we hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr.

Türkmenistanda syýahatçylygyň esasy ugurlary we ony ösdürmegiň mümkinçilikleri

Aşgabatda halkara maslahat geçirilýär Aşgabat, 20-nji mart (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky “Arçabil” myhmanhanasynda “Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri” atly halkara maslahat öz işine başlady. Forumyň işine halkara guramalaryň wekilleri, ýurdumyzyň we daşary döwletleriň şu ugur boýunça ýöriteleşen kompaniýalarynyň, şol sanda Özbegistanyň, Hytaýyň, Horwatiýanyň, Bolgariýanyň, Eýranyň, Günorta Koreýanyň ugurdaş düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

"Halkara ulag üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş" atly halkara maslahaty we sergisi

2-nji Halkara konferensiýa we sergi “Halkara ulag we üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş” 2023-nji ýylyň 3-4-nji maýynda Türkmenistanyň Aşgabat şäherinde geçiriler. Çäräni esasy gurnaýjylar, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we Aragatnaşyk Guramasy, "Türkmendemirellary" Agentligi, "Türkmenawtoulaglary" Agentligi, "Türkmenhowaýollary" Agentligi, "Türkmendenizýollary" Agentligi, "Türkmenaragatnaşyk" Agentligi , "Türkmenistanyň ulag we logistika merkezi" AGPJ, "Demirýollary" AGPJ, "Türkmenistan" howa ýoly, "Söwda deňiz floty" AGPJ, "Balkan" gämi gurluşyk zawody AGPJ, şeýle hem Türkmen forum bilen hyzmatdaşlykda.

Türkmen-katar hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Katar Döwletine döwlet sapary Doha — Aşgabat, 20-nji mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Katar Döwletiniň Emiriniň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi.

Türkmenbaşynyň deňiz portunyň ISO halkara ölçeglerine gabat gelýändigi tassyklandy

Türkmenbaşy şäheriniň halkara deňiz portunyň halkara ölçegleri «ISO 9001:2015 — Hil menejment ulgamy», «ISO 14001:2015 — Ekologik menejment ulgamy» и «ISO 45001:2018 — Saglygy goramak we zähmet howpsuzlygy menejment ulgamyna» gabat gelýändigi tassyklandy. Hazaryň türkmen kenarynda deňiz portunuň auditini CERT International (Slowakiýa) kompaniýasy geçirdi we porta degişli şahadatnamalary berdi.

Türkmenistanda syýahatçylygyň esasy ugurlary we ony ösdürmegiň mümkinçilikleri

Aşgabatda halkara maslahat geçirilýär Aşgabat, 20-nji mart (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky “Arçabil” myhmanhanasynda “Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri” atly halkara maslahat öz işine başlady. Forumyň işine halkara guramalaryň wekilleri, ýurdumyzyň we daşary döwletleriň şu ugur boýunça ýöriteleşen kompaniýalarynyň, şol sanda Özbegistanyň, Hytaýyň, Horwatiýanyň, Bolgariýanyň, Eýranyň, Günorta Koreýanyň ugurdaş düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Döwletara gatnaşyklaryň täze sahypasy

19-20-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Katarda boldy Bu gezekki sapar dostluk we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan, özara bähbitli türkmen-katar hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine, bar bolan mümkinçilikleriň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine gönükdirilen döwletara gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypadyr.

Dubaýda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara maslahat geçiriler

Şu ýylyň 26 — 27-nji aprelinde Dubaý şäheriniň (Birleşen Arap Emirlikleri) «Hyatt Regency» myhmanhanasynda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumy geçiriler. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu maslahatyň ähmiýetini belläp, ýurdumyzyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmekde onuň möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny nygtady.

Netijeli hyzmatdaşlygy berkitmegiň we giňeltmegiň bähbidine

19-njy martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Katar Döwletine ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Netijeli hyzmatdaşlygy berkitmegiň we giňeltmegiň bähbidine

Türkmenistanyň Prezidenti döwlet sapary bilen Katara ugrady 19-njy martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Katar Döwletine ugrady.

Netijeli hyzmatdaşlygy berkitmegiň we giňeltmegiň bähbidine

Türkmenistanyň Prezidenti döwlet sapary bilen Katara ugrady Aşgabat — Doha, 19-njy mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Katar Döwletine ugrady.

Aşgabatda gümrükçiler bilen intellektual eýeçiligiň obýektleri babatynda okuw geçirildi

«Schmitt&Orlov Intellectual Property» kompaniýasynyň wekilleri tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri üçin intellektual eýeçiligiň obýektiniň hukuk goragynyň üpjün edilmeginiň tejribesi babatynda wideoaragatnaşyk arkaly okuw geçirildi. Okuwyň dowamynda bilermenler gümrük edaralary tarapyndan kontrafakt harytlaryň ýüze çykarylmagy, şeýle harytlaryň asyl nusgasyndan tapawutlandyrmagyň usullary barada maglumatlar bilen paýlaşdylar.

Netijeli hyzmatdaşlygy berkitmegiň we giňeltmegiň bähbidine

Türkmenistanyň Prezidenti döwlet sapary bilen Katara ugrady Aşgabat — Doha, 19-njy mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Katar Döwletine ugrady.

Türkmen-fransuz işewürlik duşuşyklary

Öňňin Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda paýtagtymyza gelen Fransiýa Respublikasynyň Telekeçiler assosiasiýasynyň, iri halkara we fransuz kompaniýalarynyň agzalaryndan ybarat wekiliýetiň, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda işewürlik duşuşyklary geçirildi. Onda türkmen-fransuz hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynda özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşykda çykyş edenler Türkmenistanyň Fransiýa bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berýändigini bellediler. Onuň gün tertibine iki ýurduň pudak edaralarynyň hem-de işewür toparlarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlary, hususan-da, söwda-senagat, energetika, oba hojalygy we ulag-kommunikasiýa ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleler girizildi. Myhmanlar dostlukly döwletleriň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilmegi bilen baglylykda, işewürlik duşuşyklarynyň ähmiýetiniň uludygyny bellediler hem-de parahatçylyk döredijilikli syýasaty yzygiderli amala aşyrýan Türkmenistana dünýä jemgyýetçiliginiň barha artýan gyzyklanmasyny nygtadylar. Işjeň we netijeli häsiýete eýe bolan şeýle duşuşyklaryň çäklerinde Türkmenistanyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Fransiýanyň hususy kompaniýalarynyň

Köpýyllyk tejribe — giň mümkinçilikler

16-njy martda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow «Buig» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Marten Buigi kabul etdi. Işewür özüniň ýolbaşçylyk edýän holdingine Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmegiň hem-de amala aşyrylýan giň gerimli taslamalary, ozaly bilen, ak mermerli Aşgabadyň binagärlik keşbiniň özgerdilmegine gönükdirilen taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmagyň uly hormatdygyny nygtady. Iri daşary ýurt kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň, daşary ykdysady strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz «Buig» kompaniýasynyň biziň döwletimiziň öňden gelýän hem-de ygtybarly işewür hyzmatdaşydygyna aýratyn üns çekdi. Umumy sany 70-e golaý bilelikde amala aşyrylan taslamalar bolsa türkmen ykdysadyýetiniň ösüşinde, onuň gurluşyk we senagat kuwwatynyň pugtalandyrylmagynda uly ähmiýete eýedir.

Işewür gatnaşyklar berkidilýär

14-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy. Gahryman Arkadagymyz doganlyk ýurtda bolup geçen tebigy betbagtçylyk zerarly gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna, ýakynlaryna ýürekden gynanç we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi. Hormatly Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, şu agyr pursatda duýgudaşlyk bildirmek türkmen halkyna mahsus häsiýetleriň biridir. Dünýäniň halklary bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmek we birek-biregi goldamak, zerur bolan halatynda doganlyk goluny uzatmak, ýakyndan ýardam bermek türkmen halkynyň durmuşynda asyrlardan bäri dowam edip gelýär. Türkiýeli işewür tebigy hadysa zerarly dörän weýrançylygyň dikeldilýän günlerinde Türkiýä berlen goldawyň Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik maksatlaryna ygrarlydygynyň aýdyň beýanydygyny belläp, Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdi.

Agzybirlik. Özara goldaw. Raýdaşlyk: kökleri bir türki halklary has-da jebisleşdirýär

16-njy martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna iş saparyny amala aşyryp, ol ýerde Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň çakylygy boýunça Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdan daşary mejlisine gatnaşdy. ÝURDUMYZ — BU GURAMANYŇ SYNÇYSY