Dostum bar — doganym bar

21 Mart 2023
441

Halkymyzda şeýle bir pähim bar: «Ýagşy sözlemek – edep, hal soramak – medet». Şunda gatnaşyk hakynda oýlanýarsyň. Asyl, «dost» sözi birek-birek bilen gündelik gatnaşygy saklamak üçin, habarlaşyp durmak üçin zerurlykmyka diýlip soralsa, bu söze ýa-da onuň gudratly güýjüne pederlerimiz başgaça garaýyş bilen jogap bererler. Danalaryň dili bilen aýdanyňda, «dost» diýmek agyr pursatda hakyky dostlugyňy ölçerýän terezidir. Halkymyzyň aňynda hem ýüreginde hakyky dostlugyň hakykaty ýatyr.

Geçen hepdäniň wakalaryna ser salalyň. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tüýs türkmençiligiň, aýdyňlaşdyryp sözlänimizde ýürekdeşligiň, göwündeşligiň, dertdeşligiň nusgalyk göreldesini görkezdi. Agyr pursatda dostuna dostluk goluny uzatdy, göwünlik berdi, kuwwat beriji sözlerini zybana getirdi.

Azat JEPBAROW,
«Bereketli toprak».