Syýahatçylyk: gezseň, gözelligi görseň

21 Mart 2023
383

20-nji martda paýtagtymyzdaky «Arçabil» myhmanhanasynda «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahat öz işine başlady. Forumyň işine halkara guramalarynyň wekilleri, ýurdumyzyň we daşary döwletleriň şu ugur boýunça ýöriteleşen kompaniýalarynyň, şol sanda Özbegistanyň, Hytaýyň, Horwatiýanyň, Bolgariýanyň, Eýranyň, Günorta Koreýanyň ugurdaş düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Forumyň baş maksady halkymyzyň taryhy-medeni we tebigy ýadygärliklerini, ruhy hem-de maddy mirasyny, däp-dessurlaryny wagyz etmekden, dünýäniň syýahatçylyk düzümleri bilen bar bolan gatnaşyklary pugtalandyrmakdan we hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr.

TDH-nyň maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.