Türkmen-fransuz işewürlik duşuşyklary

18 Mart 2023
364

Öňňin Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda paýtagtymyza gelen Fransiýa Respublikasynyň Telekeçiler assosiasiýasynyň, iri halkara we fransuz kompaniýalarynyň agzalaryndan ybarat wekiliýetiň, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda işewürlik duşuşyklary geçirildi. Onda türkmen-fransuz hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynda özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda çykyş edenler Türkmenistanyň Fransiýa bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berýändigini bellediler. Onuň gün tertibine iki ýurduň pudak edaralarynyň hem-de işewür toparlarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlary, hususan-da, söwda-senagat, energetika, oba hojalygy we ulag-kommunikasiýa ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleler girizildi. Myhmanlar dostlukly döwletleriň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilmegi bilen baglylykda, işewürlik duşuşyklarynyň ähmiýetiniň uludygyny bellediler hem-de parahatçylyk döredijilikli syýasaty yzygiderli amala aşyrýan Türkmenistana dünýä jemgyýetçiliginiň barha artýan gyzyklanmasyny nygtadylar. Işjeň we netijeli häsiýete eýe bolan şeýle duşuşyklaryň çäklerinde Türkmenistanyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Fransiýanyň hususy kompaniýalarynyň hem-de telekeçileriniň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çaryguly HANJAÝEW.
«Türkmenistan».