Işewür gatnaşyklar berkidilýär

17 Mart 2023
286

14-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy.

Gahryman Arkadagymyz doganlyk ýurtda bolup geçen tebigy betbagtçylyk zerarly gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna, ýakynlaryna ýürekden gynanç we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi. Hormatly Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, şu agyr pursatda duýgudaşlyk bildirmek türkmen halkyna mahsus häsiýetleriň biridir. Dünýäniň halklary bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmek we birek-biregi goldamak, zerur bolan halatynda doganlyk goluny uzatmak, ýakyndan ýardam bermek türkmen halkynyň durmuşynda asyrlardan bäri dowam edip gelýär. Türkiýeli işewür tebigy hadysa zerarly dörän weýrançylygyň dikeldilýän günlerinde Türkiýä berlen goldawyň Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik maksatlaryna ygrarlydygynyň aýdyň beýanydygyny belläp, Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdi.

"Nesil".