"Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat çapary" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-09, 38-61-11, 38-61-12
Email: metbugatchapary-gazeti@online.tm

Habarlar

Gyş paslynda möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin peýdaly maslahatlar:

Il saglygy — ýurt baýlygy

WAGYZ-NESIHAT IŞLERI Süýt mäzleriniň howply täze döremelerine garşy göreşde öýken kanser-registriň aýratynlyklary dogrusynda aýtsak, bu göreş dünýä ylmynyň we amalynyň iň wajyp meseleleriniň biri hasaplanylýar. Howply täze döremelerden keselleýjilik dünýäniň ähli döwletlerinde ösmekligi dowam edýär. Häzirki wagtda saglygy goraýyş ulgamynyň kömeginiň ýokary derejede guralmagy näsaglaryň bejergiden soňky ýaşaýjylygynyň ýokary bolmagyna gös-göni täsirini ýetirip bilýär. Saglygy goraýyş ulgamynda howply täze döremeli näsaglaryň öýken kanser-registriniň döredilmegi onkologiýa boýunça nazaryýeti we amaly taýdan wajyp sepgitlere ýetmäge mümkinçilik döredýär.

Saglygymyz — baş baýlygymyz

Adamyň saglygyny goramak ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistan dünýä döwletleri we iri halkara guramalar bilen saglygy goraýyş ulgamy boýunça köptaraplaýyn gatnaşyklary barha berkidýär. Muňa mysal edip, 2023-nji ýylyň 9-njy dekabrynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde «Dermanlyk ösümliklerimiz — saglygymyz, mirasymyz» atly ÝUNESKO-nyň V klubunyň açylandygyny buýsanç bilen aýdyp bileris. Klubyň açylyş dabarasynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa we Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektory Nargözel Myratnazarowa çykyş etdi.

Saglygymyzy goralyň!

Eziz çagalar, gar ýaganda siziň hemmäňiziňem gar zyňyşyp oýnasyňyz, gardan gar adam ýasasyňyz gelýändir. Onuň üçin siz sowuk howada daşarda gezip, sowujak gary ellemeli bolýarsyňyz. Beýle ýagdaýda siz üşäp, syrkawlap bilersiňiz. Şonuň üçin gyşyň garly, aýazly, sowuk howasyndan goranmagyňyz gerek, daşary çykanyňyzda bolsa özüňiz hem saglygyňyz üçin zerur şertleri berjaý etmegiňiz gerek. Onuň üçin nämeler etmeli? «Güneşiň» saglyk burçy size şeýle maslahatlary berýär: Elleriňize ellik, kelläňize başgap, aýagyňyza galyňja jorap, içi tüýlüje ädikdir typmaýan aýakgap, ýyljajyk eşikler geýmeli. Suwa düşüp, saçyňyzy ýuwup, daşary çykmak bolmaýar. Sürçek ýerlerden hem ägä bolmaly. Ýoldan geçilende seresaplylyk bilen ýörite geçelgelerden geçmeli.

Tebigatyň peşgeşi

Häzirki wagtda bütin dünýäde ynsan saglygyny berkitmek üçin dermanlyk ösümliklerden peýdalanmaga uly üns berilýär. Tebigatyň eçilen dürli ösümliklerinden taýýarlanýan melhemliklerdir dermanlyk serişdeleri ynsan saglygyna oňaýly täsir edýär. Aýratyn-da, dermanlyk ösümliklerinden taýýarlanan serişdeler saglygy berkitmek, keselleriň öňüni almak üçin has-da ýaramlydyr. Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň gymmaty örän uludyr. Lukman Arkadagymyzyň bu köp jiltli ylmy-ensiklopedik neşiriniň halkymyza peşgeş berilmegi netijesinde, ýurdumyzda dermanlyk ösümliklerine bolan garaýyş düýpgöter özgerdi. Türkmen topragynda bitýän her otuň, ösümligiň ynsan bedenine dermanlykdygy baradaky düşünje ildeşlerimiziň aňyna düýpli ornaşdy. Häzirki wagtda ýurdumyzyň dermanhanalarynda elýeterli bahadan duran melhemlik çaýlar ildeşlerimiziň arasynda uly islege eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän dermanlyk ösümlikler boýunça taýýarlanylýan melhemlik çaýlaryň sanawy has-da artdy. Şeýle-de ol ösümliklerden melhemlik çaýlaryň taýýarlanylyşy lukmançylyk ylmy nukdaýnazaryndan düzgünleşdirildi.

Il saglygy — Watan baýlygy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, Aşgabatda, Arkadag şäherinde we ýurdumyzyň ähli ýerlerinde saglygy goraýyş-anyklaýyş merkezleri, köpugurly hassahanalar, şypahanalar, derman serişdelerini öndürýän kärhanalar guruldy. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň, Saglygy goraýyş müdirliginiň we onuň düzüminde köpugurly hassahananyň, onkologiýa merkeziniň, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň, «Tiz kömek» merkeziniň, saglyk öýüniň hem-de saglygy goraýşyň awtoulaglar kärhanasynyň ulanmaga berilmegi-de aýdylanlaryň aýdyň şaýadydyr. Kabul edilen milli we döwlet maksatnamalary esasynda paýtagtymyzda we welaýatlarymyzda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ölçeglerine laýyk gelýän saglygy goraýyş-anyklaýyş merkezleriniň, şypahana edaralarynyň, ýerli çig maldan derman serişdelerini öndürýän döwrebap kärhanalaryň, häzirki zaman ylmy-kliniki merkezleriň, saglyk öýleriniň gurulmagy bu ugurda Türkmenistanyň taryhyna şöhratly sahypalaryň ýazylýandygyny görkezýär.

Hurma

Gyş aýlarynda howa sowuk bolup, onuň durumynyň tiz-tizden üýtgemegi adam bedeniniň gowşamagyna getirip biler. Şol sebäpli biziň her birimiz saglyk ýagdaýymyza ünsli çemeleşip, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeli, sport bilen meşgullanyp, bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmeli. Güýz-gyş möwsümi bereketli türkmen topragy miwedir bakja ekinlerini berekedi bilen eçilip, saglyga peýdaly nygmatlar, witaminlere baý önümler ilata bol ýagdaýda ýetirilýär. Hurma hem witaminlere baý miwe bolup, onuň adam saglygyna edýän täsiri bellärliklidir. Onuň watany Hytaý hasaplanýar. Dünýäde miwäniň 500-den gowrak görnüşi bar. «Gündogar hurmasy» miwäniň iň köp ýaýran görnüşidir. Hurmadaky iýmitlik süýümidir peýdaly mikroelementleriň mukdary almanyňka garanyňda, iki esse köpdür. Miwäniň düzüminde tanin köp bolansoň, ol bişmänkä agzyňy gamaşdyrýar. А, С hem-de В witaminlerine baý miwede marganes, ýod, kaliý, kalsiý, demir, fosfor ýaly mineral duzlarynyň ýeterlik mukdary bar. Miwede pektin bolansoň, ony iýmit siňdirişiň näsazlyklarynda maslahat berýärler. Hurmanyň düzümindäki magniý bolsa, böwrekde daş emele gelmeginiň öňüni alýar, dartgynlylyk ýagdaýy aýryp, rahatlandyrýar.

Sagdyn bolaýyn diýseňiz...

Howanyň sowamagy, gijäniň uzalyp, gündiziň gysgalmagy gyş paslyna mahsus alamatlar bolup, adamyň fiziki işjeňligine hem-de ruhy saglygyna täsir edýär. Pasyl çalşygynda howanyň dowamly üýtgäp durmagy möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriniň döremegine getirip bilýär. Ýiti respirator keseliniň alamatlary asgyrmak, üsgürmek, bokurdagyň nemli bardasynyň gyzarmagy, burnuň dykylmagy, bedeniň gyzgynynyň ýokarlanmagy, kellagyry we işdäniň kesilmegi bilen ýüze çykýar. Eger maşgalada kimdir biri ýiti respirator ýokanç keseli bilen näsaglan bolsa, haýal etmän lukmana ýüz tutmaly we diňe lukman tarapyndan bellenen bejergini kabul etmeli. Möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselini dörediji wirus dem alyş ýollaryna aralaşandan soň, nemli bardanyň daşky gatlagynda köpelip başlaýar. Munuň netijesinde öýjükler zeperlenýär, nemli barda gyjynýar, bokurdak gijeýär, awuşaýar, agyrýar. Kesel adatça birnäçe günläp gizlin geçip, näsagda ysgyndan gaçmak, gyzdyrmak, üşütmek ýaly alamatlar başlanýar.

Tebigatyň şypaly ösümlikleri

Şahyr Gurbannazar Ezizowyň: Ýaşasyn adamyň hem tebigatyňArasynda güňläp duran sazlaşyk!

Ýiti respirator keseliniň öňüni alyş çäreleri

Gyş paslynda döräp biläýjek ýiti respirator keseliniň öňüni almak möhümdir. Ýokanç keselleriň düzümini dem alyş ýollarynyň ýiti ýokanç keselleri düzýär. Bu ýokanç keseliniň esasy öňüni alyş çäreleri adamyň kesele garşy göreşijilik ukybyny pugtalandyrmakdyr. Şeýle keselleriň öňüni almak üçin şulary maslahat berýäris. Otag howasyna gözegçilik ediň. Yssy gurak howada wirus çalt ýaýrap, işjeňligini uzak saklaýar. Maýyl, çygly otagda wirus çalt dargaýar. Pollary ýuwuň, howany çyglandyryjy enjamlary ulanyň. Burnuň nemli gatlagy gurak bolsa ýerli immunitet peselýär we wirus aňsat aralaşýar. Otaglary her gün 3-4 gezek ýelejiretmeli. Ýiti respirator ýokanç keselini bejermekde etiotrop bejergi geçirilýär. Mundan başga-da, keseliň öňüni almak, ondan goranmak üçin dermanlyk ösümlikleri ulanmak örän peýdalydyr. Olardan iň ýörgünlileri limon, itburun, ary baly, süle, sogan, sarymsak, üzärlikdir. Olary maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp ulanmaly.

Döwrebap hyzmatdaşlyk

Paýtagtymyzda geçirilen XI Türkmen-german lukmançylyk forumyna welaýat köpugurly hassahanasynyň lukmanlary hem sanly ulgam arkaly gatnaşdylar. Forumyň barşynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň dünýä belli klinikalarynyň professorlarydyr lukmanlarynyň çykyşlary diňlenildi. Asylly däbe öwrülen ikitaraplaýyn duşuşygyň barşynda dürli keselleriň öňüni almak, olary irki döwürde anyklamak we bejermek, gaýragoýulmasyz kömek, onkologiýa, trawmatologiýa, ortopediýa ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Adam saglygy – baş baýlygymyz

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzyň ähli ýerlerinde dünýä hil derejesindäki enjamlar bilen üpjün edilen saglygy goraýyş desgalarynyň, sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň, şypahanalaryň, sport desgalarynyň yzygiderli gurlup ulanmaga berilmegi adamlaryň saglygyny goramagyň, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesiniň, sportuň rowaçlanmagyny üpjün etmegiň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridiginiň aýdyň subutnamasydyr. Ajaýyp hem-de eşretli zamanamyzda raýatlaryň saglygyny goramakda, bagtyýar, sagdyn, eşretli durmuşyny üpjün etmekde dünýä nusgalyk işler durmuşa geçirilýär. Muny hormatly Prezidentimiziň: “Ýurdumyzda adamyň saglygy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolup durýar. Şoňa görä-de, ilatyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak we olary ýok etmek, saglygy goraýşy we derman senagatyny dünýä derejesinde ösdürmek boýunça köp işler amala aşyrylýar” diýen dürdäne sözleri hem aýdyň tassyklaýar. Raýatlaryň, esasan hem, ýaş nesilleriň sagdyn, ruhubelent, ylymly-bilimli adamlar bolup ýetişmekleri, ýaramaz endiklerden daşda durmaklary babatda alnyp barylýan işler häzirki wagtda barha giň gerime eýe bolýar. Döwletimizde adam we onuň saglygy baradaky aladanyň elmydama üns merkezinde durýandygynyň güwäsine öwrülen bu işlere goşant goşmak her birimiziň borjumyzdyr.

Baş baýlygymyz

Garaşsyzlygyň aýdyň ýolundan ynamly öňe barýan türkmen halky bu gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň hözirini görüp ýaşaýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän içeri we daşary syýasat, döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli tutumly işler rowaçlyga beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň ýadawsyz üns-aladalary, hormatly Prezidentimiziň belent tagallalary esasynda türkmen tebigatynyň iň gözel ýerleriniň biri bolan Köpetdagyň eteginde bina edilen Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylmagy agzybir halkymyz üçin ajaýyp sowgat bolup, ýurdumyzyň güýç-kuwwatyny we ägirt uly mümkinçiliklerini bütin dünýä äşgär etdi. «Akylly» şäher konsepsiýasy esasynda gurlan Arkadag şäherinde adamlaryň durmuş eşretleriniň hözirini görüp ýaşamagy, işlemegi üçin giň mümkinçilikler döredilip, döwrebap maksatly desgalaryň ençemesi halkymyza hyzmat edýär.

Täze ýyl saçagy

Baýramçylyk günleriniň, edil biziň isleýşimiz ýaly, ýatdagalyjy bolmagy üçin sagdyn durmuş ýörelgeleriniň dogry berjaý edilmegi zerurlyk bolup durýar. Her bir adamyň üns bermeli zady sagdyn iýmitlenmekdir. Bu, esasan hem, ýaş bäbekli enelere, gartaşan adamlara has möhümdir. Siz bereketli saçagyňyzda gök önümlerden dürli işdäaçarlary taýýarlap goýsaňyz, şol tagamlardan iýmek çagalara, hem ululara peýdaly bolar. Çopan işdäaçary. Şuny her maşgala özüçe taýýarlap biler. Usuly ýönekeýje. Dogralan hyýar, pomidor, gök otlar, duza ýatyrylan zeýtun miwesi, peýnir ýaly önümler ýag bilen garyşdyrylsa ýaramly bolýar. Sebäbi şonda ýagdaky minerallar gowy saklanýar.

Gyş: kadalary berk berjaý edeliň!

Gyş paslynda howanyň sowamagy bilen döräp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak üçin, lukmanlar her kimiň özüne bagly bolan, ýönekeýje we hökmany kadalary berk berjaý etmegi maslahat berýärler. ■ Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berk berjaý etmeli. Elleri hemişe arassa saklamaly.

Saglyk — baş baýlyk

Häzirki gyş möwsüminde ýiti respirator keseliniň öňüni almak möhümdir. Keselli adam üsgürende, asgyranda, gürleşende wirus howa ýaýraýar. Ýiti respirator keseli howa-damja ýoly bilen ýaýraýar. Kesel wagty bedeniň gyzgyny ýokarlanyp, kellagyry, bogun agyry döräp, ondan soň üsgülewük, bokurdak agyry peýda bolýar. Şeýle ýagdaý bir hepdä çenli dowam edip bilýär.

Köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlyk ösdürilýär

14-15-nji dekabrda Türkmenistanyň Saglygy soraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan sanly ulgam arkaly guralan XI Türkmen-german lukmançylyk forumy geçirildi. Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda geçirilmegi asylly däbe öwrülen bu forumy guramak baradaky ylalaşyk şu ýylyň 28-29-njy sentýabrynda ýurdumyzyň wekiliýetiniň Germaniýa amala aşyran saparynyň dowamynda Milli Liderimiziň öňe süren teklibine laýyklykda gazanyldy. Bu gezekki ikitaraplaýyn duşuşyga sanly ulgam arkaly GFR-iň öňdebaryjy klinikalarynyň professorlary we lukmanlary, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymlary, paýtagtymyzyň ylmy-kliniki merkezleriniň, welaýat saglygy goraýyş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri gatnaşdylar.

Döwrebaplyk gazanylýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatyň saglygyny goramak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasy esasynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy dünýä ülňülerine doly laýyk gelýär. Ýurdumyzda raýatlaryň saglygy ugrunda alnyp barylýan döwlet syýasaty barha dabaralanýar. Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkezine ýanyk şikesi bilen ýüz tutup gelýän näsaglary merkeziň kabul ediş bölüminde ýerleşýän gaýragoýulmasyz tiz kömek otagynda bir wagtda 6-sany näsagy kabul edip, bejergi çäreleri, şeýle hem gerek bolan laborator barlaglary edilýär. Hereketi çäklenen näsaglary ýerinden gozgaman, mobil lukmançylyk enjamlaryň kömegi bilen funksional barlaglary geçirilýär. Syrkawlar ýörite arassalaýyş wannalaryň kömegi bilen arassalanyp, degişli bölümine ýerleşdirilýär. Şol bir wagtyň özünde ýanyk ýaralardan bakteriologiki ekişe çyrşantgy alynýar we merkezimizde ýerleşdirilen bakteriologiki barlaghana bölüminde ekiş edilýär. Onuň ýanyk ýarada bolan patologiki mikroflorasynyň duýgurlygy anyklanylýar. Bu bolsa etiopatologiki bejergini geçirmäge uly ýardam berýär.

Baş baýlygymyz

Jemgyýetiň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramak Türkmenistanda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň öňe sürýän «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgesi esasynda milli saglygy goraýyş ulgamyny has-da döwrebaplaşdyrmak üçin täze belent maksatlar we wezipeler goýulýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» esasynda Aşgabatda we welaýatlarda häzirki zaman ylmy-kliniki merkezler, şypahanalar, döwrebap derman kärhanalary, saglyk öýleri gurulýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ynsan saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmak, bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty işjeňleşdirmek babatda köp işler durmuşa geçirildi. Keselleri anyklamak, bejermek, öňüni almak boýunça öňdeb

Adam saglygyna peýdaly gök önümler

Ýylyň ähli paslynda miweleri we gök önümleri iýmek örän möhümdir. Olar köp mukdarda dürli witaminlere we bioişjeň birleşmelere baýdyr. Miweleriň we gök önümleriň köpüsinde kalsiý, magniý, demir, sink bolup, olary ter görnüşinde iýmek has peýdalydyr. Käbir miweler we gök önümler tebigy taýdan düzüminde şekere baý bolýar. Şeýle önümlerde kaloriýa örän ýokarydyr. Adamlara her gün azyndan 400 gram miwe we gök önümlerini iýmek maslahat berilýär. Miweleriň we gök önümleriň birnäçesiniň peýdasy hakynda lukmanlar şeýle maslahatlary berýärler. Alma — organiki kislotalara we uglewodlara baýdyr. Onuň düzüminiň 80 göterimini suw, galan bölegini askorbin, kalsiý, magniý, demir we A, B, C witaminleri tutýar. Alma, esasan hem demre baý bolup, ýürek damarlaryny giňeltmäge uly ýardam edýär. Alma beýnini işjeňleşdirip, ýatkeşligi hem gowulandyrýar.