Saglygymyz — baş baýlygymyz

20 Dekabr 2023
608

Adamyň saglygyny goramak ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistan dünýä döwletleri we iri halkara guramalar bilen saglygy goraýyş ulgamy boýunça köptaraplaýyn gatnaşyklary barha berkidýär. Muňa mysal edip, 2023-nji ýylyň 9-njy dekabrynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde «Dermanlyk ösümliklerimiz — saglygymyz, mirasymyz» atly ÝUNESKO-nyň V klubunyň açylandygyny buýsanç bilen aýdyp bileris.

Klubyň açylyş dabarasynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa we Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektory Nargözel Myratnazarowa çykyş etdi.

Aýna ZAMANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ýokanç çaga keselleri kafedrasynyň assistenti.