Adam saglygyna peýdaly gök önümler

14 Dekabr 2023
645

Ýylyň ähli paslynda miweleri we gök önümleri iýmek örän möhümdir. Olar köp mukdarda dürli witaminlere we bioişjeň birleşmelere baýdyr. Miweleriň we gök önümleriň köpüsinde kalsiý, magniý, demir, sink bolup, olary ter görnüşinde iýmek has peýdalydyr. Käbir miweler we gök önümler tebigy taýdan düzüminde şekere baý bolýar. Şeýle önümlerde kaloriýa örän ýokarydyr. Adamlara her gün azyndan 400 gram miwe we gök önümlerini iýmek maslahat berilýär. Miweleriň we gök önümleriň birnäçesiniň peýdasy hakynda lukmanlar şeýle maslahatlary berýärler.

Alma — organiki kislotalara we uglewodlara baýdyr. Onuň düzüminiň 80 göterimini suw, galan bölegini askorbin, kalsiý, magniý, demir we A, B, C witaminleri tutýar. Alma, esasan hem demre baý bolup, ýürek damarlaryny giňeltmäge uly ýardam edýär. Alma beýnini işjeňleşdirip, ýatkeşligi hem gowulandyrýar.

Merjen HALLYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.