Tebigatyň peşgeşi

19 Dekabr 2023
649

Häzirki wagtda bütin dünýäde ynsan saglygyny berkitmek üçin dermanlyk ösümliklerden peýdalanmaga uly üns berilýär. Tebigatyň eçilen dürli ösümliklerinden taýýarlanýan melhemliklerdir dermanlyk serişdeleri ynsan saglygyna oňaýly täsir edýär. Aýratyn-da, dermanlyk ösümliklerinden taýýarlanan serişdeler saglygy berkitmek, keselleriň öňüni almak üçin has-da ýaramlydyr. Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň gymmaty örän uludyr.

Lukman Arkadagymyzyň bu köp jiltli ylmy-ensiklopedik neşiriniň halkymyza peşgeş berilmegi netijesinde, ýurdumyzda dermanlyk ösümliklerine bolan garaýyş düýpgöter özgerdi. Türkmen topragynda bitýän her otuň, ösümligiň ynsan bedenine dermanlykdygy baradaky düşünje ildeşlerimiziň aňyna düýpli ornaşdy. Häzirki wagtda ýurdumyzyň dermanhanalarynda elýeterli bahadan duran melhemlik çaýlar ildeşlerimiziň arasynda uly islege eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän dermanlyk ösümlikler boýunça taýýarlanylýan melhemlik çaýlaryň sanawy has-da artdy. Şeýle-de ol ösümliklerden melhemlik çaýlaryň taýýarlanylyşy lukmançylyk ylmy nukdaýnazaryndan düzgünleşdirildi.

Sähragözel BERDIÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.