Sagdyn bolaýyn diýseňiz...

19 Dekabr 2023
588

Howanyň sowamagy, gijäniň uzalyp, gündiziň gysgalmagy gyş paslyna mahsus alamatlar bolup, adamyň fiziki işjeňligine hem-de ruhy saglygyna täsir edýär. Pasyl çalşygynda howanyň dowamly üýtgäp durmagy möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriniň döremegine getirip bilýär. Ýiti respirator keseliniň alamatlary asgyrmak, üsgürmek, bokurdagyň nemli bardasynyň gyzarmagy, burnuň dykylmagy, bedeniň gyzgynynyň ýokarlanmagy, kellagyry we işdäniň kesilmegi bilen ýüze çykýar. Eger maşgalada kimdir biri ýiti respirator ýokanç keseli bilen näsaglan bolsa, haýal etmän lukmana ýüz tutmaly we diňe lukman tarapyndan bellenen bejergini kabul etmeli.

Möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselini dörediji wirus dem alyş ýollaryna aralaşandan soň, nemli bardanyň daşky gatlagynda köpelip başlaýar. Munuň netijesinde öýjükler zeperlenýär, nemli barda gyjynýar, bokurdak gijeýär, awuşaýar, agyrýar. Kesel adatça birnäçe günläp gizlin geçip, näsagda ysgyndan gaçmak, gyzdyrmak, üşütmek ýaly alamatlar başlanýar.

Sona ILMUHAMMEDOWA,
Aşgabat şäherindäki 4-nji Saglyk öýüniň şepagat uýasy.