"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Sowatly ýaşlar – Watanymyzyň geljegi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmäge aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atalyk aladalary netijesinde ýurdumyzda milli bilim ulgamynyň binýatlaýyn esasy barha pugtalandyrylýar, ýaşlaryň dünýä derejesinde kämil bilim almaklary üçin uly aladalar edilýär. Berilýän bilimiň halkara tejribesiniň öňdebaryjy usullary bilen milli ýörelgeleriň esasynda utgaşdyrylyp alnyp barylmagyna aýratyn üns berilýär. Okuw işinde okuwçylaryň dünýä derejesinde ussat hünärmenler bolup ýetişmegi esasy wezipe hökmünde kesgitlenilýär. Döredilýän şeýle ajaýyp mümkinçilikler ýaşlaryň ylym-bilim hem-de zehin babatda kämilleşmegine itergi berýär, olaryň dünýägaraýşyny giňeltmäge, ukyp-başarnyklaryny doly derejede açmaga ýardam edýär. Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň dünýä dillerini suwara bilmegini okuw işiniň esasy talaplarynyň biri hökmünde kesgitledi. Şundan ugur alnyp, 2017-nji ýylda “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” tassyklanyldy. Konsepsiýada ýurdumyzda daşary ýurt dilleriniň okadylyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, ýaşlaryň bu ugurda bilimlerini artdyrmak, milli okuw işine halkara tejribesini ornaşdyrmak wezipeleri göz öňünde tutulýar. Konsepsiýadan gelip çykýan wezipelerden ugur alnyp, ýurdumyzdaky umumybilim berýän orta mekdeplerde okadylýan daşary ýurt dili dersleriniň s

Sanly bilim ulgamy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan özgertmeler ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmekde hem-de ähli ulgamlaryň, şol sanda bilim ulgamynyň hukuk esaslaryny yzygiderli kämilleşdirmekde öz beýanyny tapýar. Döwlet Baştutanymyz bilim ulgamyny ösdürmegiň innowasion ugurlarynyň üpjün edilmegine, ruhy taýdan baý, hemmetaraplaýyn ösen ýaş nesliň kemala gelmegine, çagalaryň zehinini ýüze çykarmak üçin zerur bolan şertleriň döredilmegine uly üns berýär. Milli Liderimiziň bilim syýasatyny durmuşa geçirmek üçin ähli şertleriň: guramaçylyk we hukuk binýadynyň, maddy-enjamlaýyn, intellektual üpjünçiligiň bardygy guwandyryjy ýagdaýdyr. Taryhy ösüşiň häzirki tapgyry ylmy-tehniki we durmuş ösüşiniň tizleşmegi, täze pikirleriň we tehnologiýalaryň giň gerimde ýaýramagy bilen häsiýetlenýär. Şonuň üçin bilimiň innowasion esasda berilmegi durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň depginlerine oňyn täsirini ýetirýär.

Çaga terbiýesinde ertekileriň ähmiýeti

Çaga dünýäsine we onuň aň-düşünjesine täsir edýän halk döredijilik eserleriniň bir görnüşi hem ertekilerdir. Ertekiler çagalarda ýagşy häsiýetleri oýarmaga ýa-da berkitmäge ýardam berýär. Çagalar ertekiden çeper sözlüligi, pikirlenmegi öwrenýärler. Erteki çagalarda pikirlenişi terbiýelemekde iň ygtybarly serişdedir. Türkmen ertekilerine göz gezdirsek, olardan gadym eýýamlaryň täsin wakalaryny tapyp bolýar. Ertekiler özünde ýeňil düşünip bolýan wakalary, kähalatda bolsa göçme manyny saklaýar. Olaryň terbiýeçilik taraplary çagalar üçin örän ähmiýetlidir. Halkymyz müňýyllyklaryň dowamynda ertekileriň üsti bilen öz neslini terbiýeläp gelipdir. Biz öz çagalarymyzda nähili häsiýeti görmek isleýän bolsak, olara şol mazmundaky ertekileri okap bermeli bolýarys. Ertekiler çagada gowy häsiýeti terbiýeleýär. Hormatly Prezidentimiziň 1-nji synpa gelýän körpelere sowgat berýän kompýuterlerinde hem türkmen halk ertekileri aýdym-sazly görnüşde hödürlenipdir. Bu ertekiler çagalaryň aňynda hemişelik galýar, soňlugy bilen olaryň sözleýiş endikleriniň ösmegine kömek edýär. Multimedia tagtalarynda görkezilýän ertekiler hem çagalarda birek-birege hormat goýmak, özüňden ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak, ene-atany sylamak, Watany söýmek ýaly häsiýetleriň terbiýelenmegine itergi berýär.

Bilimli nesil — buýsanjymyz

Körpe nesli geljekki durmuşa ugrukdyrmak terbiýeçileriň döredijilikli zähmet çekmegini talap edýär. Munuň üçin bilim işgäri elmydama gözlegde bolmaly, öňdebaryjy tejribeleri öwrenmeli. Sapakda, goşmaça geçirilýän işlerde çagalaryň işjeňligini artdyrmagyň usullaryndan ýerlikli peýdalanmaly, döredijilikli işe aýratyn üns bermeli. Çagalaryň hemmetaraplaýyn ösüşini gazanmak yzygiderli işi talap edýär. Ýaş nesilde sporta, medeniýete, sungata, bilime höwes döretmek möhüm wezipelerdir. Şu maksat bilen biziň çagalar bagymyzda hem terbiýeçilik ähmiýetli çäreler, nusgalyk sapaklar guralýar.

Çagalar — bagtyýar geljegimiz

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eneleriň we çagalaryň hukuklaryny hem-de kanuny bähbitlerini goramak, çagalara aýratyn üns bermek, olara söýgi, mähir, alada bilen garamak döwlet syýasatymyzda ileri tutulýan möhüm ugurlaryň biridir. Hormatly Prezidentimiziň çagalar hakyndaky atalyk aladalary netijesinde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda dünýä ülňülerine laýyk gelýän, täze enjamlar, multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen çagalar baglarydyr mekdepler gurlup, ulanylmaga berilýär. Bagtyýar çagalygyň ýurdy bolan Watanymyz mähriban Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine berk eýermek arkaly goňşy ýurtlar, şeýle-de dünýäniň beýleki döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary, netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürýär. Ýurdumyz çaganyň hukuklaryny, kanuny bähbitlerini goramak, eneligi we çagalygy goldamak babatda BMG-niň Çagalar gaznasy — ÝUNISEF bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.

Sanly bilim — ösüşlere badalga

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda bilim ulgamy täze ösüşlere eýe bolýar. Ulgamyň işini döwrebap derejede guramak, oňa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, bu babatda milli aýratynlyklary göz öňünde tutmak bilen dünýä tejribesinden ugur almak, sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda sanly bilim ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar. Ýaş nesle berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmakda, onuň hilini dünýä derejesine laýyk getirmekde, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gurlup, ulanylmaga berilýän täze döwrebap bilim ojaklarynyň häzirki zaman ösen innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylmagy hem sanly bilim ulgamynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini ýene bir gezek görkezýär. Ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde «Sanly bilim ulgamy» atly portal taslamasynyň ýola goýulmagynyň, bilim ojaklarynda teleköpri arkaly guralýan okuw sapaklarynyň, internet bäsleşikleriniň geçirilmegi ber

Bilim ulgamynyň möhüm meselelerine bagyşlandy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlaryndan ugur alnyp, ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen birlikde, bilim ulgamy hem günsaýyn kämilleşdirilýär. Sagdyn, ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji nesli terbiýelemek döwletimiziň bilim syýasatynyň esasyny düzýär. Munuň üçin döwletimizde döredilýän döwrebap şertler mekdep mugallymlarynyň işleriniň netijeliliginiň ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Ýaşlara ösen döwrüň talaplaryna laýyk bilim we terbiýe bermekde mugallymlar özleriniň hünär ussatlyklaryny yzygiderli kämilleşdirýärler. Olar okatmagyň dünýä ülňülerine laýyk usullaryndan, innowasion tehnologiýalardan, interaktiw tagtalardan, dürli multimediýa okuw-tehniki serişdelerinden, internet ulgamyndan, elektron kitaplardan netijeli peýdalanýarlar. Ýaş nesle çuňňur bilim we terbiýe bermegiň usullaryny kämilleşdirmekde bilim işgärleriniň her ýylyň başynda geçirilmegi däbe öwrülen usuly-amaly okuwlary we maslahatlary möhüm ähmiýetli çäreleriň biri hasaplanýar.

Ýaşlar bilen diňe öňe

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň rowaçlanýan, türkmen ýaşlarynyň ykbalynyň täze belentliklere göterilýän eşretli eýýamyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny üstünliki durmuşa geçirmäge gönükdirilen syýasy-jemgyýetçilik çäreler ýokary derejede ýaýbaňlandyryldy. Muňa «Türkmenistan—Bitaraplygyň mekany» ýylymyzda bolup geçen taryhy wakalar hem aýdyň şaýatlyk edýär. Ýurdumyzda ýaş nesilleriň mynasyp bilim almaklaryna, döwletlilik ýörelgesine görä terbiýelenmegine, sagdyn we berk bedenli bolup, ösüp ýetişmeklerine we hünär öwrenmeklerine gönükdirilen işler maksatnamalaýyn esasda durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz: «Biz öz ýaş nesillerimize diňe bir durmuşy, bilimleri söýmegi öwretmek bilen çäklenmän, olary berk bedenli we ruhy taýdan sagdyn edip ýetişdirmegi hem göz öňünde tutýarys. Bu wezipe döwletimiziň iň möhüm we esasy wezipeleriniň biridir» diýmek bilen, ýaşlaryň ruhy we beden taýdan ösüşini sazlaşykly guramaklyga ünsi çekýär. Munuň özi ýaş nesilleriň kämil şahsyýetler bolup kemala gelmegine örän çynlakaý we jogapkärli çemeleşilýändigini alamatlandyrýar.

Döwrebaplyk, kämillik we özgerişlik

Her ýylyň ýanwar aýynda, mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde bilim işgärleriniň gatnaşmaklarynda maslahatlary, usuly-amaly okuwlary guramaklyk biziň welaýatymyzda-da asylly däbe öwrüldi. Ynha, düýn hem welaýat saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynda «Halkymyzyň eşretli, bagtyýar durmuşynyň gözbaşy ylym we bilim ulgamlaryny kämilleşdirmekdedir» diýen şygar astynda bilim işgärleriniň maslahaty geçirildi. Oňa welaýat baş bilim müdirliginiň hünärmenleri, orta mekdepleriň okuw dersleri boýunça usuly birleşmeleriniň ýolbaşçylary, öňdebaryjy mugallymlar, çagalar baglarynyň terbiýeçileri işjeň gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy bilen ýurdumyzyň ylym, bilim ulgamynyň döwrebap derejede ösdürilýändigini, bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň birsyhly kämilleşdirilýändigini, şonuň esasynda ýaş nesle berilýän bilim-terbiýäniň hiliniň düýpli gowulandyrylýandygyny buýsançly nygtadylar. Şonuň bilen bir hatarda barha batly depginde ösýän, özgerýän jemgyýetimiz bilim işgärleriniň öňlerinde has-da döredijilikli, täzeçil usulda işlemek wezipesini goýýar. Hususan-da, dünýä tejribesinden giňden peýdalanmak arkaly bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, okatmagyň öňdebaryjy usullaryny durmuşa ornaşdyrmak, sanly ulgama geçmek, okatmakda ýokary tehnologiýaly enjamlardan has-da işjeň peýdalanmak wajyp wezipe bolup durý

Bilim bermegiň täze mümkinçilikleri

Giň göwrümli hem-de aýdyň maksatly beýik işleriň durmuşa geçirilýän Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak üstünlikli amala aşyrylýar. Diýarymyzyň ýokary okuw mekdeplerinde täze hünär ugurlarynyň açylmagy, bilim işine sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy netijesinde ynsanperwer we takyk ugurlar boýunça ýokary bilimli hünärmenleri ýetişdirmek wezipesini çözmek meseleleri netijeli häsiýete eýe bolýar. “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna”, “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna”, “Elektron resminama hakynda”, “Aragatnaşyk hakynda”, “Türkmenistanda Internet torunyň ösüşi we Internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda”, “Maglumat we ony goramak hakynda” Kanunlara we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda, milli we halkara derejeli ýokary okuw mekdeplerinde sanlylaşdyrylan ulgam esasynda geçilýän sapaklar netijeliligi, mazmuna baýlygy we gyzyklydygy bilen tapawutlanýar. Häzirki döwürde ýurdumyzda ähli pudaklara sanly ulgama geçmek maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şoňa baglylykda ýurdumyzyň ähli bilim edaralary, orta, ýörite orta, ýokary bilim mekdepleri iň ösen tehnologiýalar, multimedia enjamlary, elektron kitaphanalar bilen yzygiderli üpjün edilýär. Türkmenistanda sanly bilim ulgamynyň ösdürilmegi üçin, Gahryman Arkadagymyzyň

Ýetilen sepgitler, öňde durýan wezipeler

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: «Biziň alyp barýan syýasatymyz mugallymlaryň we ähli bilim işgärleriniň döredijilik gözleglerini we hünär kämilligini talap edýär. Häzirki zaman usullaryny oýlap tapmak, okatmagyň täze tärlerini işläp düzmek, halkymyzyň kalbynda müdimilik orun alan Watan, maşgala, arassa ahlak mukaddesligi hakyndaky taglymatlary, agzybirlik we jebislik, bilim hem-de ylym ýörelgelerimizi rowaçlandyrmak her bir mugallymyň we bilim işgärleriniň baş wezipesi bolmalydyr» diýip belleýär. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ýaşlara döwrebap bilim öwretmekde, olary milli terbiýe esasynda terbiýelemekde uly işler durmuşa geçirilýär. Bu barada bilim işgärleriniň ýanwar maslahatlarynda hem giňişleýin beýan edilýär. Gazetimiziň şu sanynda bilim işgärleriniň ýanwar maslahatlaryndan taýýarlanan maglumatlary okyjylarymyza ýetirýäris. Ahal welaýaty

Şirin zybanym — baýlygym

Beýik ösüşlere eýe bolýan eziz Diýarymyzda ylym-bilime uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde millilige, ylym-bilimiň döwrebap ösmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda ene dilimizi ylmy esasda öwrenmäge hem-de ýaşlara çuňňur öwretmäge berilýän üns Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has-da guwandyryjydyr. Halkymyzyň milli baýlyklarynyň biri bolan türkmen dilini hemmetaraplaýyn, ylmy esasda ösdürmäge hem-de onuň ygtybarly çeşmesi bolan sözlükleri peýdalanmaga we olary kämil, ýeterlik derejede çap etmäge döwlet derejesinde alnyp barylýan bimöçber işler her bir türkmenistanlynyň kalbynda öz ene diline buýsanjy has-da artdyrýar. Dil halkymyzyň ruhy baýlygy bolmak bilen bir hatarda ol möhüm aragatnaşyk serişdesidir, dostlugyň gözbaşydyr. Şonuň üçin türkmen diliniň söz baýlygyny ýaş nesillerimize öwretmek diňe bir mugallymlaryň borjy bolman, eýsem terbiýeçileriň, ata-eneleriň we ýaşuly nesliň esasy wezipeleriniň biridir. Türkmen dilindäki sözler öz gözbaşyny örän irki döwürlerden, gadymy ýazuw ýadygärliklerimizden alyp gaýdýar. Türkmen nusgawy şahyrlarynyň goşgulary şol ýazuw ýadygärlikleriniň bir bölegidir. Ýazuw ýadygärliklerimiz ene dilimizi çuňňur öwrenmäge hem-de özleşdirmäge uly mümkinçilik döredýär. Bu işde Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap bolup, halkymyza ýaýran, «Türkmen diliniň orfografik sözlügi», iki tomdan

Iňlis dilini öwretmegiň döwrebap usullary

Ýurdumyzyň dil syýasatynda ýaş nesliň dünýä dillerini bilmegi göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda çagalarymyz mekdebe çenli çagalar edaralarynda, umumy orta bilim berýän mekdeplerde hem-de ýokary okuw mekdeplerinde ene dilimiz bilen bir hatarda ondan gowrak daşary ýurt dilini öwrenýärler. Agzalan bilim edaralarynda daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin ähli şertler döredilendir. Okuw otaglary dilleri öwrenmek üçin häzirki zaman bilim tehnologiýalary bilen abzallaşdyrylan. Mekdeplerimiz hem öz gezeginde daşary ýurt dilleri boýunça dünýä ülňülerine laýyk gelýän okuw kitaplarydyr gollanmalar bilen üpjün edilen. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanan «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» bolsa bu babatda ýurdumyzyň bilim edaralary hem-de işgärleri üçin esasy ýörelge bolup hyzmat edýär. Biz şu makalamyzda ýörgünli daşary ýurt dili bolan iňlis dilini okatmagy kämilleşdirmegiň esasy ugurlary barada söz açmak isleýäris. Hormatly kärdeşlerimiz häzirki wagtda bu dili okatmakda netijeli hasap edilýän usulyň kommunikatiw, interaktiw (özara işjeňlik) usuldygyny hem oňat bilýändirler. Muňa garamazdan, biz kärdeşlerimize işiň netijeliligini artdyrmak maksady bilen, käbir usuly maslahatlary bermegi makul bildik.

Paýhaslar ummanynda

Kitaplar bilen asyrlaryň jümmüşine aralaşdygyňça, ynsan kalbyny buýsandyran bahasyna ýetip bolmajak paýhas ummanynda gulaçlap ýüzýärsiň. Adamy özüne maýyl edýän dürdäneler hazynasy — kitaplar türkmeniň geçmişinden, şu gününden habar berýär. Ir döwürlerden bäri kitaplar halk hakydasynda ýaşap, häzirki bagtyýarlyk günlerimizde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen durmuşymyza şamçyrag bolup şöhle saçýar. Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen neşir edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitap düre deňelýär. Onda nakyllardyr atalar sözi özüniň beýanyny tapýar.

Hukuk medeniýetli kämil ýaşlar

Häzirki wagtda milli Liderimiziň adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny we borçlaryny ýaşlara giňden düşündirmek boýunça beren tabşyryklaryny durmuşa geçirmek ugrunda ýurdumyzyň medeni ojaklarynda, bilim-terbiýeçilik edaralarynda, ýokary okuw mekdeplerinde syýasy-jemgyýetçilik, hukuk düşündiriş çäreleri yzygiderli ýaýbaňlandyrylýar. Munuň özi ýaşlaryň kanuny sowatlylygyny we hukuk medeniýetini ösdürmekde, döwrebap jemgyýetçilik garaýşy bolan nesilleri kemala getirmekde örän ähmiýetlidir. Esasy Kanunymyzda, şonuň ýaly-da milli kanunçylyk namalarymyzda döwletimiziň we jemgyýetimiziň iň gymmatly hazynasynyň adamdygy kepillendirilýär. Muny türkmen ýaşlarynyň arasynda wagyz etmek we giňişleýin düşündirmek boýunça işler alnyp barylýar. Bu babatda biziň Telekommunikasiýalar we informatika institutymyzda ýörite meýilnama esasynda alnyp barylýan işler hem bellärliklidir.

Ýaşlar öňe barýar Arkadag bilen!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir ýyly sahawatly ülkämize bagt bolup gelýär. Täze ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip yglan edilmegi bütin dünýäde parahatçylygy ýola goýmak halklaryň arasynda birek-birege ynanyşmak arkaly dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrunda halkara giňişliginde aýgytly çykyş edip gelýän Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurdaky belent tutumlarynyň ykrarnamasydyr. Ajaýyp günler bilen gelýän hoş habarlar ruhuňy belende göterýär. Toýly günler bilen şöhratlanýan Watanymyzyň beýik ösüşlerini nazarlaýan sepgitleri, ýatdan çykmajak şanly wakalary dünýä ýüzüne ýaň salýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýaşlarymyzyň okuw, iş we durmuş şertlerini barha gowulandyrmak baradaky tutumlaryň gerimi barha giňeýär. Munuň özi bolsa geljekde Watany has hem ýokary sepgitlere ýetirmäge, ukyply ýaşlaryň kemala gelmegine badalga bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň paýhas dürdänesinden gözbaş alan ýaşlar syýasatynyň düýp mazmuny hem hut şu aýdyň maksada gönükdirilendir. Ýurdumyzda bu syýasaty üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ähli zerur bolan mümkinçilikleriň döredilýändigi biz, ýaşlary has hem buýsandyrýar. Her ýylyň özüniň rysgal-berekedi, şan-şöhraty bilen gelşi ýaly, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly hem halkymyza buýsanç duýgularyny bagyşlady. Ýurdumyzda ýaşlaryň dünýäniň iň soňky gazanan tehnologiýalarynda

Ýylyň iň göreldeli okyjysy

Her ýylyň ahyrynda welaýat kitaphanasy bilen işjeň aragatnaşyk saklap, iň köp kitap okan okyjynyň «Iň göreldeli okyjy» atly bäsleşigiň ýeňijisi diýlip yglan edilmegi indi asylly däbe öwrüldi. Golaýda bäsleşigiň jemi jemlenip, Daşoguz şäherindäki 23-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Täjigül Abdykerimowa 2020-nji ýylyň iň göreldeli okyjysy diýlip yglan edildi. Şeýle bäsleşikleriň yzygiderli geçirilmegi Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň ýaş nesilleriniň kalbynda kitaba, çeper söze söýgini döredýär, okamaga bolan höweslerini artdyrýar. Biz muňa bäsleşigiň ýeňijisi bilen söhbetdeş bolanymyzda doly göz ýetirdik. -Kitap meniň iň ýakyn dostum, baş maslahatçym. Elim sypyndygy, kitap okamak bilen meşgullanýaryn. Çeper eserleri okap, dil baýlygymy artdyrýaryn, ylym-bilim öwrediji kitaplar arkaly dünýägaraýşymy giňeldýärin. Esasan hem, hormatly Prezidentimiziň gymmatly eserlerini höwes bilen okaýaryn. Mähriban Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby biz, ýaş nesiller üçin ullakan durmuş mekdebi, paýhas çeşmesidir-diýip, ýylyň iň göreldeli okyjysy Täjigül Abdykerimowa öz ýürek buýsanjyny biziň bilen paýlaşdy.

Milli terbiýede halk döredijiliginiň ähmiýeti

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe milli aňyýeti baýlaşdyrmakda, halkyň ruhy ýaşaýşyna oňyn täsir etmekde edebiýatyň, sungatyň we medeniýetiň ähmiýeti örän uludyr. Şonuň üçin hem ýaşlary terbiýelemekde halkymyzyň ruhy we milli gymmatlyklaryndan, edebi mirasymyzdan ugur alynýar. «Çagany — ýaşdan, edebi — başdan» diýlişi ýaly, halkymyz çagalara kiçiliginden ertekidir goşgularyň, sanawaçlaryň üsti bilen terbiýe berýär. Çaga terbiýesini edebiýatdan üzňe göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Her bir maşgalada çaga milli mirasymyz, sungatymyz we edebiýatymyz arkaly Watany söýmek, ata-enä hormat goýmak ýaly gylyk-häsiýetler öwredilýär. Köküni gadymyýetden alyp gaýdýan, dürli döwürlerde taraşlanylyp, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüne gelip ýeten milli edebiýatymyz, medeniýetimiz geljegimiz bolan ýaşlary terbiýelemekde, olary ylymly-bilimli adamlar edip ýetişdirmekde örän gymmatly gollanmadyr. Türkmen halkynyň akyl hazynasynyň esasy bölegi onuň asyrlaryň dowamynda döreden nakyllary we atalar sözleridir. Ähli zady durmuş terezisinde ölçemegi başaran ata-babalarymyz adamyň sözüne, hereketine, oturyp-turşuna seredip, onuň terbiýesine baha beripdirler. Şeýlelikde ajaýyp terbiýeçilik ähmiýetli eserleri döredip, nesillere miras goýupdyrlar.

Kämilligiň ýolunda

Türkmenabadyň Çagalar çeperçilik mekdebinde ýaşlaryň zehinlerini ýüze çykarmaga we ösdürmäge ýardam edilýär. Häzirki wagtda mekdepde çagalaryň iki ýüz otuza golaýy surat çekmegiň, haly dokamagyň, heýkel, küýze ýasamagyň usullaryny içgin öwrenýär. Okuwçylaryň günsaýyn kämilleşmekleri, höwesleriniň artmagy üçin bu ýerde tejribeli mugallymlar netijeli iş alyp barýarlar. ― Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygy bilen ýurdumyzda ýaşlaryň ylymly-bilimli bolmaklary, giň dünýägaraýyşly hem-de döwrebap terbiýelenmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Ýaşlaryň kiçilikden zähmete höwesli, saýlan hünärlerinde ussat hem-de işbaşarjaň bolmaklary üçin welaýatlaryň ählisinde, şol sanda paýtagtymyzda Çagalar çeperçilik hem-de sungat mekdepleri açylyp, ulanylmaga berildi. Olarda çagalaryň bilim, terbiýe almaklary, hünär öwrenmekleri üçin zerur bolan ähli mümkinçilikler bar. Biz hem okuwçylaryň saýlan ugurlarynda barha kämilleşmeklerini gazanmak maksady bilen halypa suratkeşler, nakgaşlar bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýarys. Geçirilýän bäsleşiklerde okuwçylarymyzyň gazanýan üstünlikleri bolsa bizi diýseň begendirýär we has yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrýar ― diýip, mekdebiň müdiri Rüstem Bazarow guwanç bilen gürrüň berýär.

Halypa hakynda söz

Gahryman Arkadagymyzyň sowgat beren mekdebiniň — Murgap etrabyndaky 34-nji orta mekdebiň ilkinji müdiri Gapur Baýramalyýew bu mekdebiň agzybir mugallymlarynyň arasynda ykrar edilen halypa. Onuň dowamly kyrk bäş ýyllyk zähmet ýoly mekdep bilen baglanyşykly. Gapur Baýramalyýew 1976-njy ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh bölümini tamamlap, öz okan mekdebinde — Murgap etrabyndaky 10-njy orta mekdepde ilki başlangyç synp, soňra taryh mugallymy bolup işledi.