Sowatly ýaşlar – Watanymyzyň geljegi

7 Ýanwar 2021
1524

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmäge aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atalyk aladalary netijesinde ýurdumyzda milli bilim ulgamynyň binýatlaýyn esasy barha pugtalandyrylýar, ýaşlaryň dünýä derejesinde kämil bilim almaklary üçin uly aladalar edilýär. Berilýän bilimiň halkara tejribesiniň öňdebaryjy usullary bilen milli ýörelgeleriň esasynda utgaşdyrylyp alnyp barylmagyna aýratyn üns berilýär. Okuw işinde okuwçylaryň dünýä derejesinde ussat hünärmenler bolup ýetişmegi esasy wezipe hökmünde kesgitlenilýär. Döredilýän şeýle ajaýyp mümkinçilikler ýaşlaryň ylym-bilim hem-de zehin babatda kämilleşmegine itergi berýär, olaryň dünýägaraýşyny giňeltmäge, ukyp-başarnyklaryny doly derejede açmaga ýardam edýär.

Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň dünýä dillerini suwara bilmegini okuw işiniň esasy talaplarynyň biri hökmünde kesgitledi. Şundan ugur alnyp, 2017-nji ýylda “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” tassyklanyldy. Konsepsiýada ýurdumyzda daşary ýurt dilleriniň okadylyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, ýaşlaryň bu ugurda bilimlerini artdyrmak, milli okuw işine halkara tejribesini ornaşdyrmak wezipeleri göz öňünde tutulýar. Konsepsiýadan gelip çykýan wezipelerden ugur alnyp, ýurdumyzdaky umumybilim berýän orta mekdeplerde okadylýan daşary ýurt dili dersleriniň sany artdyryldy, täze okuw maksatnamalary girizildi, rus we iňlis dilleri sapaklaryndan başga-da fransuz, nemes, ýapon, hytaý, koreý dilleri orta mekdepleriň maksatnamalaryna goşuldy. Dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän orta mekdepleriň birnäçesi açylyp ulanmaga berildi. Mekdeplerde okuwçylaryň daşary ýurt dillerini has çuňňur öwrenmegi üçin ähli mümkinçilikler döredildi, lingafon otaglary, interaktiw tagtalar ornaşdyryldy, daşary ýurt dillerinde täze okuw kitaplary we gollanmalar çap edildi. Ýurdumyzda hereket edýän dil merkezleriniň sany artdyryldy. Şeýle hem mekdep okuwçylaryna daşary ýurtlarda bilimlerini artdyrmaga mümkinçilik döredildi.

Aýgözel TÄJIÝEWA,
Türkmenbaşy şäherindäki 6-njy orta mekdebiň mugallymy.