Ýaşlar bilen diňe öňe

6 Ýanwar 2021
1534

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň rowaçlanýan, türkmen ýaşlarynyň ykbalynyň täze belentliklere göterilýän eşretli eýýamyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny üstünliki durmuşa geçirmäge gönükdirilen syýasy-jemgyýetçilik çäreler ýokary derejede ýaýbaňlandyryldy. Muňa «Türkmenistan—Bitaraplygyň mekany» ýylymyzda bolup geçen taryhy wakalar hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Ýurdumyzda ýaş nesilleriň mynasyp bilim almaklaryna, döwletlilik ýörelgesine görä terbiýelenmegine, sagdyn we berk bedenli bolup, ösüp ýetişmeklerine we hünär öwrenmeklerine gönükdirilen işler maksatnamalaýyn esasda durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz: «Biz öz ýaş nesillerimize diňe bir durmuşy, bilimleri söýmegi öwretmek bilen çäklenmän, olary berk bedenli we ruhy taýdan sagdyn edip ýetişdirmegi hem göz öňünde tutýarys. Bu wezipe döwletimiziň iň möhüm we esasy wezipeleriniň biridir» diýmek bilen, ýaşlaryň ruhy we beden taýdan ösüşini sazlaşykly guramaklyga ünsi çekýär. Munuň özi ýaş nesilleriň kämil şahsyýetler bolup kemala gelmegine örän çynlakaý we jogapkärli çemeleşilýändigini alamatlandyrýar.

Aganepes AKUMMEDOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.