"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Geçmişiň şöhratly ýaňy

Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) Änew şäherini «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýip yglan etdi. Gadymy Seýit Jemaleddin ýadygärlik toplumy, Änewiň galalary we beýleki taryhy ýerler bu topragyň irki şan-şöhratyndan habar berýär. Seýit Jemaleddin metjidi ady bilen belli bolan bu ymarat hakykatdan hem örän çylşyrymly desgadyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylan 2024-nji ýyl ýurdumyz üçin iň bir şanly ýyllaryň biri boljagy belli. Bu ýyl beýik türkmen akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bilen birlikde Änew şäheri hem Türki dünýäniň medeni paýtagty hökmünde halkara derejesinde dabaralanar. Aslynda, peştagy aždarha şekilli bu ýadygärlik Horasanda teýmirleriň neslinden bolan Abul Kasym Baburyň dolandyran döwründe XV asyrda gurulýar. Metjidiň peştagynda aždarhalaryň şekillendirilmeginiň manysy bar. Rowaýata görä, birwagtlar şäheriň gala diwarynyň düýbünde bir agaç dikilip, ondan uly jaň asylyp goýlupdyr. Başyna iş düşen her bir ýolagçy jaňy kakmak bilen şähere duýduryş berýär eken, ilat bolsa oňa kömege gelip, başyna düşen işden ony halas edýär eken. Bir gezek, adalatly we parasatly Jamalyň ýurdy dolandyrýan wagtynda adamlar jaňyň gaty we howsalaly kakylýandygyny eşidipdirler. Derwezäniň agzyna ylgaşyp gelenlerinde, olar towlanyp duran ägirt uly aždarhanyň jaňy kakýandygyny görüpdirler. Ol aždarha bir zady görkezýän ýaly

Türkmeniň sungaty jahana mälim

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:— Dünýäniň hiç bir döwleti hem muzeýsiz, halkyň taryhy geçmişi baradaky gymmatly maglumatlary bir ýerde jemleýän mirashanalarsyz oňup bilmeýär. Bu özboluşly hakykat hazynalary halkyň asylly ýolunyň, medeniýetiniň we sungatynyň, toplan ylmynyň, döreden ruhy gymmatlyklarynyň genji-hazynasydyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň medeniýet we sungat ulgamynyň ösdürilmegi babatda ileri tutýan oňyn syýasaty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen suratkeşleriniň döredijilik mümkinçilikleriniň has-da ösdürilmegine, bu ugurda halkara döredijilik bäsleşikleriniň geçirilmegine giň ýollary açýar.

Taryhy ýadygärlikleriň goýnunda

Paryzdepe – Änew ýadygärlikleri hakynda Halkymyzyň örän baý we köptaraply taryhy-medeni mirasy bar. Biziň ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden medeni gymmatlyklary diňe bir sebitiň däl, eýsem tutuş adamzat siwilizasiýasynyň ösüşine uly goşant boldy. Olaryň şol uzak asyrlaryň dowamynda döreden taryhy gymmatlyklary dürli-dürli ýadygärlikleriň görnüşinde biziň günlerimize gelip ýetdi.

ÄNEW AK BUGDAÝYŇ WATANYDYR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda halkymyzyň baý mirasyny, milli ahlak gymmatlyklaryny düýpli öwrenmäge uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilip, ýurdumyzda edebi mirasymyzy öwrenmäge, ýaş nesli milli terbiýäniň ýörelgeleri esasynda kemala getirmäge giň ýol açylýar. Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) 2024-nji ýyly türki dünýäde «Beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň ýyly» hem-de gadymy türkmen şäheri bolan Änewi 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýip yglan etmek hakyndaky Türkmenistanyň teklibini goldamagy halkymyzyň taryhyna goýulýan belent sarpadan nyşan. Munuň özi taryhy we kökleri bir bolan goňşy döwletleriň hem-de doganlyk halklaryň agzybirligini, jebisligini berkitmekde berkarar ýurdumyzyň has ynamdar hyzmatdaşlygy gazanmakdaky ykrarnamasydyr. Bu çözgüt gadymy türkmen halkynyň ruhy-edebi gymmatlyklarynyň halkara derejede wagyz edilmeginde uly ähmiýete eýedir. Türkmeniň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň eserleri umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasydyr. Onuň halkymyzyň ahlak kadalaryna öwrülen pähim-parasatly jümleleri halk arasynda nakyllara öwrülip, giňden ornaşypdyr. Şeýle parasatly danany döreden türkmen topragy geçmişde uly-uly şäherleri

Gadymy medeniýetiň ojagy

Halkymyzyň örän baý we köptaraply taryhy-medeni mirasy bar. Ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden medeni gymmatlyklary diňe bir sebitiň däl, eýsem, tutuş adamzat siwilizasiýasynyň ösüşine uly goşant boldy. Olaryň uzak asyrlaryň dowamynda döreden taryhy gymmatlyklary dürli ýadygärlikler görnüşinde biziň günlerimize gelip ýetipdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda müňýyllyklara utgaşyp gidýän milli gymmatlyklary özünde jemleýän taryhy ýadygärliklerimizi düýpli öwrenmek, olary geljekki nesillerimize ýetirmek boýunça döwlet derejesinde uly işler amala aşyrylýar. Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde Türki medeniýetiniň halkara guramasy TÜRKSOÝ tarapyndan gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi hem sözüň doly manysynda taryhy wakadyr.

Seljuk soltanlary

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow:— Meniň baş maksadym garaşsyzlygymyzyň we bitaraplygymyzyň esaslaryny has-da berkidip, ýurdumyzy beýik geljegimize tarap ynamly öňe alyp barmakdan ybaratdyr. Ömür beýanyII jilt1.

Magtymguly Pyragynyň kanoniki portretiniň döreýşi

Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýiniň zallarynyň birini Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň döreden beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň kanoniki portreti bezeýär. Bu portret Magtymgulynyň keşbiniň hut şeýle bolandygyna ynamymyzy berkitdi. Ýogsa, eseriň döredilen wagty suratkeş bary-ýogy 23 ýaşynda eken, ol şonda-da fotosuraty bolmadyk şahyryň keşbini şekillendirmäge ýaýdanmandyr. A.Hajyýewiň ýerine ýetirmeginde Magtymgulynyň asyl keşbiniň emele gelşine düşünmek üçin bu eseriň döreýşiniň taryhyny ýatlamagy makul bildik. 1947-nji ýylda, Aýhan Hajyýewiň Moskwanyň W.I.Surikow adyndaky çeperçilik institutynyň 3-nji ýyllygynda bilim alýan wagty Aşgabatda Magtymgulynyň keşbini döretmek ugrunda bäsleşik yglan edilýär, oňa gatnaşmaga ýaş suratkeş hem çagyrylýar. Emma beýik türkmen şahyrynyň suratyny çekmek pikiri onda bäsleşikden kän wagt ozal döräpdi. Bäsleşige A.Hajyýew soňky çeken suratynyň eskiz görnüşini ugradýar, şol surata hem bäsleşigiň birinji baýragy gowşurylypdyr. Bu waka ýaş suratkeşiň göwnüni ganatlandyrýar, ol esasy portreti döretmäge girişýär.

Seýit Jemaleddin metjidi: taryhy maglumatlar

Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 3-nji ýanwarynda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Şol mejlisde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gadymy Änew şäheriniň adamzat medeniýetiniň gülläp ösen merkezleriniň biridigini nygtady. Bu şäheriň asyrlaryň dowamynda dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekip gelýän we gadymy döwürlerden bäri tutuş Ýer ýüzünde bellidigini nygtamak bilen degişli ýolbaşçylara Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere düýpli taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yhlasly tagallalary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şöhratly taryhymyzy has içgin we düýpli öwrenmäge giň mümkinçilikleri açýar.

Taryhda ýazylmyş Änew şäheri

TÜRKSOÝ guramasynyň 2024-nji ýylda Änew şäherini Türki dünýäniň medeni paýtagty diýip yglan etmegi bu gadymy topragyň geçmiş taryhyna uly sarpadan nyşandyr. Örän irki döwürlerden bäri bu bol çeşme suwly, mes toprakly dag etekleri adamlaryň köpçülikleýin mesgen tutýan ýerleriniň biri bolupdyr. Bu ýerde irki döwürlerden bäri ekerançylyk, maldarçylyk ösüp gelipdir. Günorta Türkmenistanda eneolit döwri ylymda «Änew medeniýeti» adyny aldy. Ol şu medeniýete degişli ilkinji öwrenilen, Änew şäheriniň golaýyndaky ýadygärlikleriň ady bilen baglydyr. Türkmenistanda eneolit döwrüniň ýadygärlikleri ululy-kiçili, dürli depeleriň aşaky gatlaklarynda saklanypdyr. Köpetdagyň gerişlerinden demirgazyga, düzlüge inýän bol suwly çeşme-çaýlaryň boýunda amatly ýerlerde düýbi tutulan obalarda ençeme asyrlaryň dowamynda könelen toýundan we çig kerpiç jaýlaryň kesekleri tekizlenip, onuň üstünden täze jaýlar yzygiderli gurlupdyr. Ol depeler — ýadygärlikler ülkämiziň çäklerinde ýüze çykan gadymy medeniýetleri öwrenmek üçin möhüm taryhy çeşme bolup hyzmat edýär.

Şygryýet äleminiň çyragy

Magtymguly Pyragy Gündogar edebiýatynda özüniň ajaýyp döredijiligi bilen öçmejek yz galdyran beýik akyldardyr. Türkmen edebi mirasynyň esasy bölegini şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligi tutýar. Magtymguly türkmen halkynyň milli şahyry, milli guwanjy, milli buýsanjy hasaplanýar. XVIII asyrdan bäri şahyr her bir türkmeniň öýünde, kalbynda, aňynda ýaşap gelýär. Şahyr nusgawy edebiýatyň ösüşine uly goşant goşdy. Beýik şahyryň şygryýet dünýäsinde türkmen halkynyň durmuşy öz aýdyň beýanyny tapypdyr. Şahyryň dogduk mekanynda, onuň adyny buýsanç bilen göterýän etrabynda Magtymguly Pyragynyň medeni ýadygärlikler toplumynyň hem-de muzeýiniň açylandygyny guwanç bilen bellemelidiris. Magtymguly Pyragynyň diňe bir türkmen halkynyň arasynda däl, eýsem, dünýä halklarynyň arasynda hem sarpasy uludyr. Şahyryň goşgulary dünýäniň ençeme dillerine terjime edildi. Watansöýüjilik mowzugy beýik şahyryň eserleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Akyldar şahyryň «Türkmeniň», «Gürgeniň», «Türkmen binasy» ýaly ençeme goşgulary onuň watansöýüjiliginiň belent mertebesini görkezýär. Onuň 300 ýyla golaý mundan ozal döreden eserleri häzirki döwürde hem öz ähmiýetini ýitirmän gelýär. Çünki olarda umumadamzat ruhy-ahlak gymmatlyklardyr mähriban topragyňa, öz halkyňa deňsiz-taýsyz wepalylyk, halkyň döredijilik güýjüne ynam hem-de belent borç öz beýanyny tapýar.

Mälik Şa we Omar Haýýam

Türkmenistanyň orta asyrlar taryhynda uly yz galdyran, öz döwründe imperiýa derejesine ýeten Beýik Seljuk döwleti ylym dünýäsinde uly meşhurlyga ýetipdir. Ylym-bilim döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolupdyr. Seljuk soltanlarynyň döwlet dolandyryşynda ylma howandarlygyň, adamlaryň bilim almaklaryna mümkinçilik döretmegiň, uly şäherlerde kitaphanalaryň, medreseleriň gurulmagynyň ýurduň ösmegine, öňe gitmegine itergi berýändigi baradaky ynam-ýörelgeden ugur alnypdyr. Beýik Seljuk soltanlary ylym adamlaryna hemmetaraplaýyn hemaýatkärlik edipdirler. Aýratyn hem, soltan Alp Arslanyň ogly Mälik şanyň döwründe (1072 — 1092) ylym-bilimiň, medeniýetiň, sungatyň ösüşi has ýokary derejelere ýetipdir. Ol şäherlerde metjit-medreseler, kitaphanalar, hassahanalar gurdurypdyr. Şol döwürde Seljuk imperiýasynyň çäklerinde «Nyzamiýe» medreseleriň gurulmagy aýratyn tapawutlanýar. Mälik şanyň ylma hemaýatyndan peýdalananlaryň biri hem 1048 — 1131-nji ýyllarda ýaşap geçen meşhur alym Omar Haýýamdyr.

Ynsaply ýaşaýşyň mizemez ýörelgeleri

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan 2024-nji ýyl rowaç gadamlar bilen, dünýämize, durmuşymyza girişdi. Beýik akyldaryň ýurdumyzda we dünýäde adamzadyň ruhy medeniýetiniň genji-hazynasyna, adamlary ynsaply ýaşaýyş ýörelgeleri esasynda terbiýelemekde milli edep-terbiýe mekdebine öwrülen mirasyny köptaraplaýyn açyp görkezmek, giňişleýin ýaýmak ugrunda alnyp barylýan işler bu ýyl has hem döredijilikli we buýsançly dowam etdiriler. Şahyryň filosofik mirasy adamzadyň şu günki derwaýys meselelerini çözmegiň ygtybarly pähim-paýhas esasy bolup çykyş edýär. Milli Liderimiz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eserinde ynsaply ýaşaýşyň raýat jemgyýetiniň, demokratik döwletiň iň ýokary derejede kemala gelmegidigi barada aýdýar. Magtymguly şahyr akyl ýetirişiň täze derejesine galyp, adamzat jemgyýetinde ynsaply gatnaşyklaryň paýhas esaslaryny açyp görkezýär. Adamyň we adamzadyň şol paýhasa esaslanyp, şu dünýäde mynasyp ýaşap biljekdigi baradaky garaýyşlary öňe sürýär. Bu filosofiýada adamyň nebsini öjükdirýän artykmaç isleglerini örkläp, öz ýaşaýan jemgyýeti we tebigat bilen sazlaşykly gatnaşygy baradaky meseleler derňelýär. Ondan görnüşi ýaly, Magtymguly terkidünýäligi hem, harsydünýäligi hem goldamandyr. Pyragy adamyň ynsaply, bolelin, mynasyp ýaşamagyny arzuwlapdyr. Beýik akyldar ynsaplylygyň nebsi we bisabyrlylygy aradan aýyrýandygyny nygtaýar.

Wasiliý Ýanyň türkmen bedewi

Taryhymyz ahalteke bedewlerini wasp eden sahypalara diýseň baý. Olaryň biri «Çingiz han», «Baty han», «Soltan Jelaleddin» ýaly dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren ajaýyp eserleri döreden Wasiliý Ýançeweskiniň ýakyn dostuna öwrülen Italmaz atly ahalteke bedewi baradaky maglumatlardyr. Wasiliý Ýançeweskiý 1875-nji ýylyň 4-nji ýanwarynda Kiýew şäherinde dilşynas alymyň maşgalasynda dünýä inýär. Ol 1897-nji ýylda Peterburg uniwersitetiniň taryh, dil we edebiýatşynaslyk bölümini tamamlansoň, ilki Russiýada, soňra Beýik Britaniýada hem-de Britan muzeýinde ylmy-etnografiýa gözleglerini amala aşyrýar. Onuň «Pyýadanyň ýol ýazgylary» atly makalalar toplumy şol döwrüň gazet-žurnallarynda çap edilýär. 1900-nji ýylda Zakaspiý oblastynyň general-gubernatory D.Subotiçiň çakylygy boýunça W.Ýançeweskiý Aşgabada gelýär. Şeýlelikde, ýaş alym-ýazyjy gubernatorlygyň bölüm başlygy wezipesinde zähmet ýoluna başlaýar.

Türkmenistan «Mosfilmiň» 100 ýyllyk taryhynda

Russiýanyň iri «Mosfilm» kinostudiýasy 2024-nji ýylyň ýanwarynda 100 ýyllygyny belleýär. Kinofabrigiň şanly taryhynda türkmen sahypalary bolup, olar rowaýata öwrülen kinofilmleriň surata düşürilmegi bilen baglydyr. Nusgawy kinolara öwrülen «Çölüň ak güneşi» («Белое солнце пустыни») hem-de «Kin-dza-dza» ýaly meşhur filmleriň ençeme parçalary Türkmenistanyň dürli künjeklerinde surata düşürildi. Režissýor Wladimir Motylyň we operator Eduard Rozowskiniň surata düşüren «Çölüň ak güneşi» atly filminiň ençeme pursatlary üçin Garagum sährasy saýlanyp alyndy. Filmiň ssenarisini ýazan Walentin Ýežowyň özi hiç haçan çölde bolup görmändir, şonuň üçin ol Ýokary ssenariý okuwlary boýunça ýoldaşy Rustam Ibragimbekowy awtordaş hökmünde ýanyna alýar.

Şöhratly Peliň yzlaryny yzlap

Gahryman Arkadagymyzyň behişdi bedewlerimize bagyşlap döreden ajaýyp kitaplarynda ahalteke atlarynyň şöhratly taryhy, tohum aýratynlyklary, reňk öwüşginleri, seýisçiligiň asylly ýörelgeleri barada gymmatly maglumatlar berilýär. Şundan görnüşi ýaly, milli atşynaslyk — hem ylym, hem sungat... Bu baradaky mesawy söhbetleriň birinde ahalteke atçylygynyň dowam edýän nesil ugurlary barada gürrüň gozgaldy. Şonda bu pudakda 40 ýyla golaý wagt bäri zähmet çekip gelýän Kerimguly Bäşimow arassa ganly ahalteke atlary barada alnyp barylýan seçgi-tohumçylyk işini has-da kämilleşdirmekde olaryň nesil ugurlary bilen birlikde, baýtallaryň hem juda uly ähmiýetiniň bardygyna ünsi çekdi. Ine, şeýdibem öz döwründe ýyndamlykda meşhurlyk gazanan we özünden soň ençeme naýbaşy nesilleri galdyran şöhratly Pel bilen bagly şu söhbetdeşligi ýazga geçirdik. — Kerimguly aga, tejribeli hünärmen hökmünde atçylykda ýöredilýän ugur, maşgala adalgalary, şeýle hem ahalteke atlarynyň tohumçylyk hiline, gymmatyna aýratynlykda we köptaraplaýyn baha bermegiň düzgünleri barada aýdaýsaňyz!

Änewden tapylan zenan heýkelleri

Merkezi Aziýada eneolit döwrüne degişli iň irki öwrenilen ýadygärliklere gadymy Änewiň depeleri, soňraky döwürdeş ýadygärlikler bolan Namazgadepe, Garadepe we beýlekiler degişlidir. Muny Merkezi Aziýada neolit, ýagny täze daş asyry döwrüne degişli bolan ösen Jeýtun medeniýetiniň dowamy hökmünde häsiýetlendirmek bolar. Köpetdagyň eteginde neolit zamanynda başlanan ekerançylyk medeniýeti eneolit döwründe hem ösmegini dowam etdiripdir. Ekerançylyk ýerleri çiller arkaly bölünip, olarda dagdan akyp gelýän suwlar saklanypdyr. Iş gurallary kämilleşdirilipdir. Esasan, bugdaý we arpa ekipdirler. R.Pampelliniň ýolbaşçylygyndaky amerikan ekspedisiýasy 1904-nji ýylda Änewde b.e. öňki V münýyllyga degişli bugdaýyň däne galyndylaryny tapypdyr.

Törebeg hanym hakynda

Türkmen halkynyň taryhynda öçmejek yz goýan, ady rowaýata öwrülen zenan şahsyýetler az däl.Törebeg hanym hem şeýle şahsyýetleriň biri. Onuň ady bilen bagly juda özboluşly, nusgasy başga ýerde gabat gelmeýän ymarat biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr. Ol Köneürgenç ýadygärlikler toplumynda naýbaşy ymaratlaryň biri. Ýogsamam, Törebeg hanym hakynda juda täsin rowaýatlar hem aýdylýar. Elbetde, bu zenan anyk taryhy döwürde ýaşap geçen şahsyýetdir. Şonuň üçin rowaýatlardaky käbir maglumatlaryň taryhy hakykat bilen gabat gelmeýän ýerlerem az däl. Bu rowaýatlarda bolaýmaly ýagdaý.

Hindiguş suw elektrik stansiýasynyň işe girizilenine 110 ýyl doldy

Gadymy Murgap derýasy asyrlaryň dowamynda Murgap jülgesiniň ilatyny suw bilen üpjün edip gelipdir. Akabanyň üstünde 1890, 1895-nji ýyllarda binýady berkden tutulyp gurlan üç sany bent — Soltan bent, Ýolöten bent we beýleki suw desgalary sebitiň suwarymly ekerançylygynyň ösdürilmeginde, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagynda möhüm ähmiýete eýe bolupdyr. Ýurdumyzda mundan 110 ýyl ozal ilkinji elektrik kärhanasynyň gurlup işe girizilmegi hem hut Murgap derýasynyň üstünde gurlan Hindiguş bendi bilen baglanyşykly taryhy hakykatdyr. Ol döwletimiziň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýokary depgin bilen ösýän, öňdebaryjy elektroenergetika pudagynyň ilkinji elektrik desgasy bolan Hindiguş suw elektrik stansiýasydyr.

Änew — «parahatçylyk jülgesi»

Daş-töwereginde möwç urýan häzirki zaman durmuşyna sessiz agraslyk bilen göz aýlap ýatan iki depe — Demirgazyk we Günorta gorganlar ýaşy Müsür piramidalaryndan hem uly bolan obalaryň heňňam tarapyndan «ýonulan» galyndylaryna çalym edýär. Wawilon düzlügi heniz Pars aýlagynyň suwlarynyň astyndaka, Demirgazyk gorganda eýýäm oba durmuşy gaýnap joşýardy, aýal-gyzlar egrip-dokaýardy, däne ekip-döwüp, un alyp, çörek bişirýärdiler. Küýzegärler gap-gaç ýasap, olary nagyşlar bilen sünnäläp bezeýärdiler... XIX asyrda we XX asyryň başlarynda halkara ylmy jemgyýetçilikde siwilizasiýanyň iň gadymy ojagy diýen birinjilik derejesini Merkezi Aziýa bermek ideýasy diýseň meşhurdy. Mysal üçin, nemes geografy, «durmuş giňişligi» diýen geosyýasy adalganyň hem-de 21 tomdan ybarat «Tebigat we adamzat taryhy jähetinden ýer hakyndaky ylym» atly işiň awtory Karl Ritter Merkezi Aziýanyň «adamzat medeniýetiniň watany» bolandygyna doly ynanypdyr. Hatda Günbataryň we Gündogaryň beýik siwilizasiýalarynyň öz gözbaşlaryny Merkezi Aziýadan alyp gaýdýandygyny nygtaýan bitewi ylmy mekdep hem esaslandyrylypdyr. Bu hem, umuman, Karnegi gaznasy üçin Türkmenistana ekspedisiýany ýollamaga esas bolupdyr.

Beýik Ýüpek ýoly – türkmen halkynyň geçmişiniň hem-de geljeginiň altyn halkasy

Uzak Gündogardan gözbaş alyp, Günbatarda Ortaýer deňzine çenli uzap gidýän Beýik Ýüpek ýoly Türkmenistanyň çäginde hem birnäçe şäherleriň, galalaryň, kerwensaraýlaryň üstünden geçipdir. Bu bolsa türkmen topragynda ýerleşen şäherleriň ählitaraplaýyn gülläp ösmegine amatly şert döredipdir. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyz Serdar Berdimuhamedowyň tagallasy bilen halkymyzyň baý taryhyny öwrenmäge we ýaş nesle wagyz etmäge uly ähmiýet berilýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Türkmenistan dürli ulag ýollarynyň sazlaşykly ösüşi bilen özüniň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky möhüm söwda merkezleriniň biri hökmündäki gadymy şöhratyny döwrebap görnüşde dikeldýär. Beýik Ýüpek ýolunyň kerwen ýollarynyň köp ugurlary Ortaýer deňzinden tä Hytaýa çenli baryp, gadymy geçmişde we orta asyrlarda söwda gatnaşyklary we Günbatar bilen Gündogaryň medeniýetleriniň arabaglanyşygyny üpjün etdi. Beýik Ýüpek ýolunyň has köp bölegi Orta Aziýanyň, şol sanda Türkmenistanyň üstünden hem geçipdir. Hytaýyň ýüpegi, Hindistanyň hoşboýlary we gymmat baha tebigy reňkli daşlary we ençeme başga-da harytlar bilen ýüklenen kerwenler Garagumuň içinden Merwiň we Horezmiň jülgelerinden, Murgabyň we Amyderýanyň üstünden aşypdyrlar. Kerwenleriň ugrunda baý-baý şäherler, söwda-senetçilik ilatly ýerler, kerwensaraýlar, metjitler we medreseler güll