Togrul beg

30 Iýun 2024
59

Togrul beg hezreti pygamberiň neberesi bilen garyndaşlyk açan ilkinji seljuk soltanydyr. Togrul beg halyfyň gyzy Seýýide hatyna öýlenipdir (1063 ý.). Täze aýaly bilen Reýe dolanan Togrul beg keselläp, 6 aýdan soňra 70 ýaşynyň içinde aradan çykypdyr (1063 ý. 4-nji sentýabry). Togrul begiň gubury Reý şäherindedir («Borj-e Togrul»). Togrul begden zürýat galmandyr. Şonuň üçinem tagta onuň agasy Çagry begiň ogly Alp Arslan geçipdir. Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda Togrul begiň Alp Arslany ogullyga alandygyny bellemek bilen, bu dessuryň gadymyýetden gaýdýandygyna üns çekýär (Berdimuhamedow G. Ömrümiň manysynyň dowamaty. – A.:TDNG, 2023 – 49 s.).

Togrul beg döwlet dolandyryşynda oguz däp-dessurlaryny saklapdyr. Seljuklar toý tutmakda hem ata-baba gelýän dessurlaryny ýatdan çykarmandyrlar. Bar Ebreý Togrul beg halyfyň köşgüne gelende, türki dessur boýunça soltanyň özüniň we abraýly begleriň aýaklary galdyryp, käte dyza çöküp tans edendigini ýazýar (Рауф А. Гусейн-заде. Кавказ и сельджуки. – Баку, «Кавказ», 2010. – C.209). Munuň häzirki küştdepdi aýdym-saz we tans dessuryndan başga zat däldigine ynanýarys. Seljuk soltanlary türki döwlet dolandyryş dessuryna görä, ýygy-ýygydan halka açyk toý gurnap, zyýapatlary beripdirler (Salim Koсa. İlk müslüman türk devletlerinde teşkilat // Genel Türk tarihi. – Ankara, 2002, 3 cilt, – 471 s.). Bu olaryň halka ýakyn durandygyna, onuň göwnüni awlamaga çalşandygyna, jomartlygyna şaýatlyk edýär.

Jumamyrat Gurbangeldiýew,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory, taryh ylymlarynyň kandidaty.