Türkmenistanda nebiti gazyp almagyň taryhyndan

24 Iýun 2024
81

Türkmen topragynda nebit barada ilkinji ýatlamalar gözbaşyny baryp XIII asyrdan alyp gaýdýar. Şol döwürde Nebitdagda bu çig mal guýy gazmak arkaly çykarylypdyr. 1782-nji ýylda Çelekende (halk arasynda «nebitli ada» diýlip atlandyrylypdyr) nebit guýularynyň 20-si işläp, olardan bir ýylda 4 müň puda çenli nebit çykarylypdyr — meşiklere (malyň derisinden ýasalan halta) guýlup, gaýyklar bilen daşalypdyr.

1876-njy ýylda Nobel doganlaryň şereketi Çeleken adasynda guýy gazdyrýar hem-de nebitli ýataklary işläp taýýarlaýar, 1882-nji ýylda bolsa, 38 sany ýer bölegi bolup, olaryň 8-si Nobele degişli bolupdyr (guýularyň 3-si burawlanyp, 164 guýy kärendesine alnypdyr), ýer bölekleriniň 30-syna nebit senagatçysy Palaşkowskiý eýe çykypdyr.