"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Ýaşlar kiçi futbolda bäsleşdi

Kaka etrabynyň Hywaabat jülgesindäki «Ýaşyl ýaýla» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde «Biz şadyýan nesiller» ady bilen kiçi futbol ýaryşy geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kaka etrap Geňeşiniň hem-de etrabyň bedenterbiýe we sport bölüminiň bilelikde guramagynda bolan ýaryşda merkezde dynç alýan çagalardan düzülen toparlaryň birnäçesi gatnaşdy. Merkeziň futbol meýdançasynda giň gerim alan ýaryşda çagalar ukyp-başarnygyny görkezdiler. Çekeleşikli duşuşyklaryň netijesinde “Bagtyýarlyk” topary ýaryşyň ýeňijisi boldy. Ýeňiji bolan topara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Merkezde guralan ýaryş

Gökdere jülgesindäki “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Gökdepe we Bäherden etrap Geňeşleriniň bilelikde guramagynda meýilnama esasynda gyzykly sport çäreleri geçirildi. Merkezde dynç alýan çagalaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak, ýaş nesliň sporta höwesini artdyrmak hem-de höweslendirmek maksady bilen geçirilen ýaryş örän gyzykly boldy. Onda çagalar hereketli oýunlar we tanap çekmek boýunça ukyp-başarnygyny görkezdiler.

Gözelligiň gözbaşy

Ýurdumyzda sportuň welosiped görnüşine aýratyn üns berilýär. Paýtagtymyzy bezäp oturan Olimpiýa şäherçesinde Welotrek binasynyň bolmagy, paýtagtymyzda ajaýyp «Welosiped» binasynyň gurulmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Sagdyn we işjeň durmuş ýörelgeleri adamlara öz mümkinçiliklerini doly açyp görkezmäge we olary durmuşa ornaşdyryp, üstünlikleri gazanmaga ýardam edýär. Yzygiderli geçirilýän türgenleşiklerdir sport maşklary adamyň saglygyna we özüni duýşuna oňyn täsir edýär, ol kesellere garşy durnuklylygy pugtalandyrýar, häsiýetini taplaýar, zähmetsöýerlik, maksada okgunlylyk, özüňe bolan ynamy berkitmek ýaly häsiýetleriň kemala gelmegine ýardam edýär. Şeýle hem, welosipedli gezelençler tutuş maşgala üçin boş wagtyňy netijeli geçirmek üçin ajaýyp mümkinçilik döredýär. Welosipedli sport bilen meşgullanmak adam bedeniniň sowuklama we beýleki kesellere garşy durnuklylygyny ýokarlandyrýar. Şu jähetden, lukmanlar ony durmuş endigine öwürmegi maslahat berýärler. Welosiped sürmek ýürek-damar keselleriniň döremek howpuny ep-esli azaldýar hem-de dem alyş ulgamyna oňyn täsir edip, öýkeniň kadaly işlemegine ýardam berýär. Welosiped sürlende, myşsalar türgenleşýär, bedende gan aýlanyşygy gowulanýar. Yzygiderli welosipedli türgenleşikler bedende madda çalşygyny gowulandyrýar we agramyňa gözegçilik etmäge kömek berýär.

Çekeleşikli ýaryş

Gökdere jülgesindäki «Bagtyýar nesiller» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň hem-de welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikdäki meýilnamasy esasynda sport-sagaldyş çäreleri geçirilýär. «Berkarar döwletiň sagdyn nesli biz» ady bilen geçen şadyýan estafeta bäsleşigi şeýle çäreleriň biri boldy. Ýaş nesliň sporta we bedenterbiýä höwesini artdyrmak, olaryň berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmegini gazanmak, sportuň degişli görnüşi boýunça güýçlüleri ýüze çykarmak hem-de höweslendirmek maksady bilen geçirilen ýaryşda merkezde dynç alyp, saglygyny berkidýän çagalardan düzülen toparlar gatnaşdy. Çekeleşikli ýagdaýda geçen ýaryşyň netijesinde «Güneş» topary birinji, «Şöhle» topary ikinji, «Galkan» topary üçünji orny eýeledi. Ýeňiji toparlar hormat hatlary bilen sylaglandy.

Lebaply kuraşçylar Aziýanyň çempionatynda bäş medal gazandylar

Welaýatymyzyň kuraşçylarynyň bäşisi 6 ― 10-njy iýun aralygynda Eýran Yslam Respublikasynda geçirilen Aziýanyň çempionatynda dürli derejeli medallara mynasyp bolup, ýurduň milli ýygyndysynyň umumy üstünligine goşant goşdular. Has takygy, 20 döwletden 200-e golaý türgeni özünde jemlän yklym çempionatynda Çärjew etrabyndaky 2-nji sport mekdebiniň tälimçisi Aýşirin Haýdarowa 48 kilograma çenli agram derejesinde altyn, şol etrapdaky 24-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Rozymeňli Meýmanowa, Türkmenabat şäherindäki 29-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Sabina Kadyrowa, Saýat etrabyndaky 14-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Nurana Hezretowa we Kerki etrabyndaky 22-nji orta mekdebiň bedenterbiýe mugallymy Daýanç Omirow dagy bürünç medala mynasyp boldular.

Sport habarlary

Ýaş türgenleriň üstünlikleri Türkmenabat şäherinde Türkmenistanyň maýyplarynyň merkezi bedenterbiýe-sport klubynyň guramagynda görüş şikesli türgenleriň arasynda golbol boýunça ýurdumyzyň çempionaty geçirildi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň iň güýçli toparlary özara güýç synanyşdylar. Çekeleşikli geçen oýunlar toparlaryň ýaryşa ýokary derejede taýýarlykly gelendigini görkezdi. Türkmenistanyň çempionatynda üstünlikli çykyş eden welaýat maýyplar bedenterbiýe-sport klubunyň topary üçünji orna mynasyp boldy. Aşgabat şäheriniň we Balkan welaýatynyň toparlary, degişlilikde, birinji hem-de ikinji orunlary eýelediler. Ýeňiş gazanan toparlar Hormat hatlary we baýraklar bilen sylaglanyldy.

Erjelleri öňe saýlan ýaryş

Gökdere jülgesindäki “Bagtyýar nesiller” çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde sportuň ýeňil atletika görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Ahal welaýat häkimliginiň garamagyndaky agzalan merkezdäki ýaryş Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşi hem-de “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi tarapyndan guraldy. Merkezde dynç alyp, saglygyny berkidýän çagalardan düzülen toparlaryň birnäçesiniň gatnaşmagynda geçen ýaryş uly gyzyklanma döretdi. Çagalaryň çalasynlygy, erjelligi we ýeňiş gazanmaga bolan hyjuwy duşuşyklaryň dowamynda mese-mälim duýuldy hem-de ýaş nesliň sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýerýändigi aýdyň ýüze çykdy.

Aşgabat —Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri

«7/24. tm» №24 (211), 10.06.2024 Sport ýa­ryş­la­ry di­ýil­se, me­dal­lar­dyr ku­bok­lar, re­kord­lar­dyr ýo­ka­ry ne­ti­je­ler göz öňün­de jan­lan­ýar. Bu spor­tuň ýo­ka­ry gör­ke­zi­ji­le­ri öz içi­ne al­ýan­dy­gy­ny gör­kez­ýär. Sport hak­da gür­rüň edil­se, mil­le­ti­ne, ýa­şy­na ga­ra­maz­dan, adam­la­ryň jem­le­nip, bir mak­sa­da gul­luk ed­ýän pur­sa­ty ha­ky­da­da peý­da bo­lar. Bu ag­zy­bir­li­giň we je­bis­li­giň aý­dyň ny­şa­ny­dyr. Sport diý­mek, bir söz bi­len aýt­ma­ly bol­sa, her bir ada­myň dur­mu­şy­ny öz içi­ne al­ýar. Üs­tün­lik­le­riň çür ba­şy­na çy­kan ada­ma ýe­ňi­ji, sport­da bol­sa çem­pi­on di­ýil­ýär. Diý­mek, sport bi­len meş­gul­lan­mak di­ňe bir özü­ňi beý­gelt­mek däl, eý­sem ata Wa­ta­ny­ňy hem beý­gelt­mek di­ýen dü­şün­jä­ni öz içi­ne al­ýar.

Dün­ýä çem­pio­na­tyn­dan 7 me­dal

«7/24. tm» №24 (211), 10.06.2024 Türk­me­nis­tan­ly agyr at­le­ti­ka­çy­lar Pe­ruw­da ýet­gin­jek­le­riň ara­syn­da ge­çi­ri­len dün­ýä çem­pio­na­tyn­da 7 me­dal ga­zan­dy­lar

Türkmenistan — sport ýurdy

«7/24. tm» №24 (211), 10.06.2024 Ýur­du­myz­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ba­şy­ny baş­lan be­ýik baş­lan­gyç­la­ry Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Serdarymy­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len tä­ze tap­gyr­lar­da ös­dü­ril­ýär. Mu­ňa «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da ylym, bi­lim, sag­ly­gy go­ra­ýyş, sport ul­gam­la­ryn­da ama­la aşy­ryl­ýan be­ýik iş­ler hem aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär.

Bedenterbiýe we sport

«7/24. tm» №24 (211), 10.06.2024 Türk­me­nis­tan­da we­los­por­tuň na­za­ry­ýe­ti we usu­ly­ýe­ti bo­ýun­ça ki­tap ne­şir edil­di

Jo­gap­kär­li oý­na taý­ýar­lyk

«7/24. tm» №24 (211), 10.06.2024 Hä­zir­ki wagt­da Tür­ki­ýä­niň An­tal­ýa şähe­rin­de okuw-tür­gen­le­şik ýyg­na­ny­şy­gy­ny ge­çir­ýän Türk­me­nis­ta­nyň fut­bol bo­ýun­ça mil­li ýy­gyn­dy­sy 1-nji iýun­da Gren­lan­di­ýa­nyň mil­li ýy­gyn­dy to­pa­ry bi­len hal­ka­ra ýol­daş­lyk du­şu­şy­gy­ny ge­çir­di. Bu du­şu­şy­gy ne­ti­je­li ge­çi­ren mil­li ýy­gyn­dy­myz gar­şy­da­şyn­dan 5:0 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­dy. Ýy­gyn­dy to­pa­ry­my­za ýe­ňiş ge­ti­ren top­la­ry El­man Ta­ga­ýew (2), Di­dar Dur­dy­ýew, Şa­na­zar Tir­ki­şow hem-de Ali­bek Ab­dy­rah­ma­now öz at­la­ry­na ýaz­dyr­dy­lar.

Halkara ýaryşlaryň medallary

Russiýa Federasiýasynyň Burýatiýa Respublikasynyň Ulan-Ude şäherinde Söweş sambosynyň ligasy tarapyndan täzelenen düzgünlere laýyklykda, Gran-pri ýaryşy geçirildi. Ýaryşda türkmen türgeni Suwhan Öwezgeldiýew 88 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, altyn medala mynasyp boldy. Halkara ýaryşa ildeşlerimizden başga-da, Russiýanyň, Mongoliýanyň, Täjigistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň wekilleri gatnaşdylar. Ýeňijiler pul baýragyna we çempionlyk guşagyna mynasyp boldular. Söweş sambosynyň ligasy sportuň bu görnüşiniň meşhurlygyny artdyrmak we türgenleri goldamak maksady bilen, 2020-nji ýylyň fewral aýynda esaslandyryldy. Türgenleriň deslapky duşuşyklary geçirmän, öz agram derejelerinde göni finala çykyp bilýändikleri bu ýaryşyň esasy aýratynlygydyr.

Paýtgatyň sport durmuşyndan

Türk­me­nis­ta­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň, Bi­lim mi­nistr­li­gi­niň, «Türk­me­nis­ta­n» Ýaş­lar be­den­ter­bi­ýe-sport gu­ra­ma­sy­nyň, Aş­ga­bat şä­he­ri­niň be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky Baş mü­dir­li­gi­niň hem-de jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň bi­le­lik­de gu­ra­ma­gyn­da Gök­de­re­de, «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da­ky hem-de we­la­ýat­lar­da­ky ça­ga­lar sa­gal­dyş we dynç alyş mer­kez­le­rin­de sport-sa­gal­dyş çä­re­le­ri ge­çi­ril­ýär. Go­laý­da Gök­de­re­dä­ki Mu­ham­met­my­rat Ny­ýa­zow adyn­da­ky ça­ga­lar sa­gal­dyş we dynç alyş mer­ke­zin­de Gök­de­re ku­bo­gy ug­run­da mer­ke­za­ra fut­bol ýa­ry­şy gu­ral­dy. Çe­ke­le­şik­li ge­çen bäsleşik ýaş­lar­da uly gy­zyk­lan­ma dö­ret­di. Ýe­ňi­ji­le­re sow­gat­lar gow­şu­ryl­dy.

Taryhda şu gün

Şol gün myhmançylykda «Wegas Golden Naýts» bilen final tapgyrynyň 5-nji duşuşygyny geçiren Waşington şäheriniň topary garşydaşyndan 4:3 hasabynda üstün çykyp, hokkeý boýunça Stenliniň Kubogyna mynasyp boldy. Topar final tapgyrynyň netijesi boýunça garşydaşyndan 4:1 hasabynda üstün çykdy.

Suw­da ýüz­me­giň peý­da­sy

Yn­san sag­ly­gy­ny go­ra­mak­da we pug­ta­lan­dyr­mak­da, ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak­da ada­myň sag­dyn hem ru­hu­be­lent bol­ma­gyn­da sport bi­len meş­gul­lan­mak peý­da­ly­dyr. Spor­tuň haý­sy­dyr bir gör­nü­şi bi­len her gün ýa­rym sa­gat, bir sa­gat tö­we­re­gi meş­gul­lan­ýan ada­myň be­de­ni berk, ru­hy hem be­lent bol­ýar. El­bet­de, sport bi­len ça­ga­lyk­dan meş­gul­la­ny­lyp baş­la­nyl­sa, oňa ýe­te­si zat ýok. Ýö­ne spor­tuň äh­li gör­nü­şi ki­çi­lik­den meş­gul­la­nyl­ma­ga de­giş­li däl­dir. Hü­när­men­le­riň bel­le­me­gi­ne gö­rä, ça­ga­la­ryň sag­dyn ös­me­gi üçin peý­da­ly sport gör­nüş­le­ri­niň esa­sy­la­ry­nyň bi­ri suw­da ýüz­mek­dir.

Bedenterbiýe we sport

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli ir säher çagy Lebap welaýatynyň merkezi bilen Çärjew etrabynyň Farap şäherini birleşdirýän köpriniň üstünden Türkmenabadyň Bitarap Türkmenistan köçesiniň ugrundaky pellehana çenli aralykda köpçülikleýin welosipedli ýörişi geçirildi. Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçirilmegi asylly däbe öwrülen köpçülikleýin ýörişe türgenler, welaýatymyzyň ýaşaýjylary uly höwes bilen gatnaşdylar. Ykbalyny welosporta baglan türgenler bolsa, her gezek bolşy ýaly, ýörişiň başyny çekdiler.

Aşgabat — sport üstünlikleriniň şäheri

Täze taryhy döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen Aşgabat şäheri halkara duşuşyklaryň we forumlaryň, şol sanda dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynyň geçirilýän merkezine öwrüldi. Ýakynda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde paýtagtymyzyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegi, şeýle hem Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynyň «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip ykrar edilmegi merjen şäherimiziň halkara abraýyny has-da beýgeldýär. Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täzeçil şähergurluşyk strategiýasynyň netijesinde, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap sport toplumlary, köpugurly stadionlar, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri yzygiderli gurulýar. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, halkara guramalar we dostlukly döwletler bilen sport hyzmatdaşlygyny alyp barýan ýurdumyz sport arkaly halklary parahatçylyga, agzybirlige, ösüşe çagyrýar.

Çe­ke­le­şik­li bäs­le­şik­ler

Go­laý­da ýur­du­my­zyň ener­ge­ti­ka pu­da­gy­nyň Aş­ga­bat şä­he­rin­de ýer­leş­ýän eda­ra-kär­ha­na­la­ry­nyň iş­gär­le­ri­niň ara­syn­da ýag­ly­ga to­wus­mak, daş gö­ter­mek we ta­nap çek­mek bo­ýun­ça ýa­ryş­lar ge­çi­ril­di. Çe­ke­le­şik­li bäs­le­şik­le­riň ne­ti­je­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da, ýag­ly­ga to­wus­mak bo­ýun­ça «Ener­go­hyz­mat» bir­le­şi­gi­niň «Ser­paý» folk­lor-et­nog­ra­fi­ýa ba­let to­pa­ry­nyň ar­tis­ti Ser­dar Ata­ýew 1-nji, şol to­pa­ryň ar­tis­ti Meý­lis Ar­na­my­ra­dow 2-nji we ar­tist Ker­wen Imam­gu­ly­ýew 3-nji orun­la­ra my­na­syp bol­du­lar.

Ilkinji welosport ýaryşlary

Welosportuň köpçülikleýin häsiýete eýe bolan görnüşi şossede, ýagny gara ýollarda geçirilýän ýaryşlardyr. Şossedäki ýaryşlary, esasan, mart — oktýabr aýlary aralygynda guramak maksadalaýyk hasaplanylýar. Şossedäki ilkinji welosport ýaryşy 1868-nji ýylda geçirilýär. Nusgawy köpçülikleýin şosseli welosport boýunça ýaryş 1892-nji ýylda guralýar.