Ýaşlar kiçi futbolda bäsleşdi

12 Iýun 2024
161

Kaka etrabynyň Hywaabat jülgesindäki «Ýaşyl ýaýla» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde «Biz şadyýan nesiller» ady bilen kiçi futbol ýaryşy geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kaka etrap Geňeşiniň hem-de etrabyň bedenterbiýe we sport bölüminiň bilelikde guramagynda bolan ýaryşda merkezde dynç alýan çagalardan düzülen toparlaryň birnäçesi gatnaşdy.

Merkeziň futbol meýdançasynda giň gerim alan ýaryşda çagalar ukyp-başarnygyny görkezdiler. Çekeleşikli duşuşyklaryň netijesinde “Bagtyýarlyk” topary ýaryşyň ýeňijisi boldy. Ýeňiji bolan topara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Begli MÄMMEDOW,
TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Kaka etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.