Gözelligiň gözbaşy

11 Iýun 2024
184

Ýurdumyzda sportuň welosiped görnüşine aýratyn üns berilýär. Paýtagtymyzy bezäp oturan Olimpiýa şäherçesinde Welotrek binasynyň bolmagy, paýtagtymyzda ajaýyp «Welosiped» binasynyň gurulmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Sagdyn we işjeň durmuş ýörelgeleri adamlara öz mümkinçiliklerini doly açyp görkezmäge we olary durmuşa ornaşdyryp, üstünlikleri gazanmaga ýardam edýär. Yzygiderli geçirilýän türgenleşiklerdir sport maşklary adamyň saglygyna we özüni duýşuna oňyn täsir edýär, ol kesellere garşy durnuklylygy pugtalandyrýar, häsiýetini taplaýar, zähmetsöýerlik, maksada okgunlylyk, özüňe bolan ynamy berkitmek ýaly häsiýetleriň kemala gelmegine ýardam edýär. Şeýle hem, welosipedli gezelençler tutuş maşgala üçin boş wagtyňy netijeli geçirmek üçin ajaýyp mümkinçilik döredýär.

Welosipedli sport bilen meşgullanmak adam bedeniniň sowuklama we beýleki kesellere garşy durnuklylygyny ýokarlandyrýar. Şu jähetden, lukmanlar ony durmuş endigine öwürmegi maslahat berýärler. Welosiped sürmek ýürek-damar keselleriniň döremek howpuny ep-esli azaldýar hem-de dem alyş ulgamyna oňyn täsir edip, öýkeniň kadaly işlemegine ýardam berýär. Welosiped sürlende, myşsalar türgenleşýär, bedende gan aýlanyşygy gowulanýar. Yzygiderli welosipedli türgenleşikler bedende madda çalşygyny gowulandyrýar we agramyňa gözegçilik etmäge kömek berýär.

Jumasoltan ORAZMYRADOWA,
Aşgabat şäherindäki 111-nji orta mekdebiň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji.