"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Dakar Rallisine badalga berildi

Dünýäniň iň kynçylykly awtoulag ýaryşy hasaplanýan Dakar Rallisi 3-nji ýanwarda badalga aldy. Saud Arabystany döwletinde geçirilýän ýaryşlara jemi 322 sürüji gatnaşýar. Şol sürüjileriň 67-si ýeňil ulag sürüjisi, 108-si motosikl sürüjisi, 44-si ýük ulagy sürüjileridir. Şeýle-de, 21 kwadrasiklçi hem-de 58 UTV görnüşli ulaglaryň sürüjileri-de 43-nji Dakar Rallisinde çykyş edýär. Ýaryşlar jemi 12 tapgyr bolup, ol 14 günde başlanan ýeri Jidda şäherinde 15-nji ýanwarda tamamlanar.

«Ata kesbi ogla halal»

«Formula 1-iň» ady rowaýata öwrülen sürüjisi, germaniýaly Mihael Şumaheriň ogly Mik Şumaher hem kakasynyň ýoluny dowam etdirýär. 2019-njy ýylda «Formula 3-de», 2020-nji ýylda-da «Formula 2-de» çempionlyk gazanan Mik Şumaher täze möwsümde «Formula 1-de» çykyş eder. 21 ýaşly Mik Şumaher täze möwsümde «Formula 1-iň» «Haas» toparynyň sürüjisi bolar. «Haas» topary Mik Şumaherden başga-da toparyň beýleki sürüjisi hökmünde-de russiýaly Nikita Mazepin bilen şertnama baglaşdy. Topar geçen möwsümde çykyş eden sürüjileri Kewin Magnusson hem-de Roman Grožan bilen ýoluny aýyrdy. «Formula 1-de» täze möwsüme 21-nji martda Awstraliýa «Gran Prisi» bilen badalga berler.

Iň ýokary utuk

Amerikanyň Milli basketbol ligasynda (NBA) «Golden Steýt Warriors» topary öz meýdançasynda «Portlend Treýl Bleýzersden» toparyny 137:122 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Duşuşykda «Golden Steýt Warriorsyň» ýyldyzy Stefen Körri toparynyň ýeňiş gazanmagyna uly goşant goşdy. Ol toparynyň gazanan 137 utugynyň 62-sini öz adyna ýazdyrmagy başardy. Bu onuň iň ýokary görkezijisi boldy. Ol mundan ozal 54 utuk bilen bir duşuşygy tamamlapdy. Şeýle-de, 62 utuklyk görkeziji «Golden Steýt Warriors» toparynyň basketbolçylarynyň arasynda soňky 47 ýylda gazanylan iň ýokary utuk hökmünde hasaba alyndy.

Melhemler mekany

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz ata Watanymyzy ösdürmegiň in zerur ugurlarynyň biri hökmünde ýurtda saglygy goraýyş ulgamynyň işini kämilleşdirmäge, onuň maddy binýadyny döwrebap derejede pugtalandyrmaga, bu ugurda degişli hünärmenleriň taýýarlygyny dünýä derejesine ýetirmäge gönükdirilen saglyk syýasatyny aýratyn uly orunda goýýar. Döwletiň we jemgyýetiň iň gymmatly hazynasy bolan adam saglygyny gorap saklamak ugrunda uly işleri alyp barýan hormatly Prezidentimiz «Il saglygy — ýurt baýlygy» ýa-da «Sagdyn bedende — sagdyn ruh» diýen halk pähimlerine eýerýär we bu parasatly pähimleriň hakyky mazmunyny iş ýüzünde amal edýär. Munuň şeýledigini ýurdumyzda ulanmaga berlen hem-de gurulýan lukmançylyk ylmynyň iň täze gazananlaryna laýyk gelýän, dünýäniň iň kämil, iň täze tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan keselleri anyklaýyş merkezleri, Saglyk öýleri, şypahanalar, bedenterbiýe we sagaldyş merkezleri, suw çüwdürimleri, stadionlar, sport toplumlary, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy aňryýany bilen subut edýär. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz halkyň saglygyny berkitmekde tebigy serişdeleri giňden peýdalanmaga möhüm ähmiýet berýär. Ilki bilen bu ugurda Gahryman Prezidentimiziň köp ýyllyk ylmy gözlegleriniň miwesi bolan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eserini agzamak ýerliklidir.

Parahatçylygyň ýörelgesi

Hormatly Prezidentimiz jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ýaşlaryň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagyny ýola goýmak wezipelerini döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň birine öwürdi. Halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alýan däplerini bu gün ýaşlarymyz mynasyp dowam edýärler. Munuň özi berk bedenli, sagdyn ruhly nesli kemala getirmäge, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini hem türkmen sportuny hemmetaraplaýyn ösdürmäge döwlet derejesinde aýratyn üns berilýändigine şaýatlyk edýär. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak adamy ýaramaz endiklerden saplaýar. Sazlaşykly ösüşiň esasy bolan beýik ahlak we ynsanperwerlik gymmatlyklaryna ygrarly bolmagy üpjün edýär.

Ezberlere — ýeňiş hemra

Golaýda Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde erkekleriň we zenanlaryň arasynda badminton boýunça Türkmenistanyň açyk çempionaty boldy. Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Türkmenistanyň badminton federasiýasynyň bilelikde guramaklarynda geçirilen bu ýaryşa türgenleriň 30-a golaýy gatnaşdy. Üç günläp dowam eden ýaryşda türgenler jübütleýin hem-de şahsy görnüşde bäsleşdiler. Zenanlaryň arasynda lebaply Rozygül Jumaniýazowa has şowly çykyş etdi. Ol jübütleýin görnüşde Ýana Sarkisýan bilen çykyş edip, altyn medala mynasyp boldy. Şahsy görnüşde-de Rozygül ikinji orny eýeläp, kümüş medal gazandy.

Sport syýasatynyň gadamlary

Aýdyň ýol Bagtyýarlyk zamanamyzyň ýyllarynda Diýarymyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek arkaly il-günümiziň saglygyny goramak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Arkadag Prezidentimiziň öňe süren sport syýasaty uly üstünliklere beslenýär. Ýurdumyzyň halkara abraýy täze belentliklere çykýar. Gahryman Prezidentimiziň görkezmelerinden ugur alyp, ulanylmaga berlen döwrebap stadionlar, sport mekdepleridir sport desgalary ýaşlaryň gelim- -gidimli ýerine öwrüldi. Indi şol sport mekdeplerinde ýaş türgenleriň uly topary sportuň dürli görnüşleri boýunça türgenleşik geçýärler.

Milli oýunlarymyzyň halkara gadamy

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň mejlisler zalynda milli sport oýunlaryny ösdürmegiň meselelerine bagyşlanan onlaýn okuw maslahaty geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ähli sebitlerinden milli sport oýunlarymyz bilen bagly wekiller gatnaşdy. Maslahatyň barşynda Türkmenistanyň Milli sport oýunlary merkeziniň başlygy Şöhratguly Myratgulyýew milli oýunlaryň halkara derejede ýeten sepgitleri barada çykyş etdi. Hususan-da, geçen 2020-nji ýylyň başynda Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirilen Bütindünýä etnosport konfederasiýasynyň III halkara maslahatyna gatnaşyjy hökmünde Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlarynyň geljekki ýaryşlaryna türkmen milli oýunlarynyň hem birnäçesini girizmek bilen bagly meselä seredilendigini ýatlatdy. Bu mesele boýunça gutarnykly karar 2021-nji ýylda Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwda geçiriljek IV halkara maslahatda kabul ediler. Ýöne meşhurlygy ýyl-ýyldan artýan Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlarynyň geljekki ýaryşlarynda sadranç, takylatdy, peçiz, düzzüm we bäşdaş ýaly milli oýunlarymyzy görüp bileris.